18-nji dekabrda Moskwada halk hojalygynyň gazananlarynyň Russiýa sergisinde Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistana wekilçilik edildi.
Duşuşyga Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Ermenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Mger Grigorýan, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Duşuşygyň başynda gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň wideo ýüzlenmesini diňlediler. Ol 1-nji ýanwardan başlanjak Russiýanyň Arkalaşyga başlyklyk etjek döwründe sungatyň, bilimiň we ylmyň dürli ugurlarynda, şol sanda GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň çeşmelerinden peýdalanmak ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini ösdürmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Mihail Mişustin öz çykyşynda möhüm başlangyjy — Arkalaşygyň medeni paýtagtlary döwletara maksatnamasyny belläp geçdi. Geçen ýylda bu ady Sankt-Peterburg göteripdi. Indi bu at Samarkanda geçirilýär. Geljek ýyl bolsa Daşkent GDA-nyň ilkinji Ýaşlar paýtagty bolar.
Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we Arkalaşygyň medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar.
Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde döwletara birleşikler bilen işjeň aragatnaşyk saklaýandygyny, ykdysady hyzmatdaşlyga we sebitleýin integrasiýa meselelerine aýratyn üns berýändigini aýtdy.
Duşuşykda GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlary tarapyndan medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi barada beýannama kabul edildi.