Türkmen wekiliýeti 1-3-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň Dubai World Trade Centre halkara sergiler merkezinde geçirilýän Suwy gaýtadan işleýän tehnologiýalar, energetika we daşky gurşawy goramak (WETEX 2024) atly halkara sergä gatnaşýar. Has takygy, sergide Türkmenistana Ýagyşgeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2 sany mugallymy we 2 sany talyby wekilçilik edýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Suwy gaýtadan işleýän tehnologiýalar, ýaşyl energetika we daşky gurşawy goramak (WETEX 2024) atly halkara sergide öz döreden ýel energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän innowasion tehnologiýasynyň makedini köpçülig tanyşdyrdylar.
Türkmen uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň döreden Ýel energetika tehnologiýasynyň wideo şekili Dragon Oil nebit-gaz kompaniýasyna WETEX 2024 sergisinde bölünip berlen ýerde günüň dowamynda yzygiderli görkezilýär.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmennebit döwlet konserniniň hem-de Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd kompaniýasynyň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Şertnama baglaşylypdy.
Şertnamanyň çäklerinde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion ýel energetika tehnologiýasy işlenip düzüldi we onuň makedi taýýarlanyldy. Işlenip düzülen innowasion ýel energetika tehnologiýasyny Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd kompaniýasy bilen bilelikde Hazar deňziniň kenarynda önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
WETEX 2024 halkara sergisine dünýäniň 62 döwletinden 2600 golaý kompaniýa gatnaşýar.Serginiň çäginde gün, ýel we wodorod energetikasyna, nebit we gaz pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryna, suwy gaýtadan işlemegiň we arassalamagyň täze tehnologiýalaryna, ekologiýa bilen bagly durnukly ösüşi üpjün edýän täzeçil çözgütlere degişli eksponatlar görkezilýär. Şeýlelikde, halkara sergide uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, ýaşyl energetika degişli innowasion tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşarlar.
Şeýle hem, 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda serginiň çäklerinde Dragon Oil nebit-gaz kompaniýasy tarapyndan guralýan energetikanyň geljegi, nebit-gaz pudagyna ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar, atmosfera metan zyňyndylaryny azaltmak, nebitiň galyndylarynyň ekologik meseleleri atly seminara gatnaşdylar. Bu seminarda Dragon Oil we Enoc kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de Musurun Sharja Uniwersitetiniň professorlary çykyş etdiler.