Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy martda Brýusselde bolup, ýokary derejeli ýewropa resmileri, işewür toparlary we ýewropa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell, Ýewropa Komissiýasynyň söwda meseleleri boýunça komissary Waldis Dombrowskis, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas we ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk komissary Ýutta Urpilaýnen ýaly ýokary derejeli ÝB resmileri türkmen diplomatyny kabul etdiler.
Bular barada Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri habar berdiler. Ýöne ýewropa resmileri duşuşyklar boýunça beýanat çap etmediler.
Şeýle-de, türkmen wekiliýeti “Philips”, “Cargolux”, “Exagon Global BV”, “Picanol”, “Royal IHC” ýaly iri ýewopa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.
Saparyň barşynda Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi taraplaryň arasyndakyk Hyzmatdaşlyk şertnamasyna goşulmak Teswirnamasyna gol çekdiler. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi bilen Hyzmatdaşlyk şertnamasyna goşulmadyk ýeke-täk döwletdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylyň maýynda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Türkmenistan bu teswirnamany 2004-nji ýylda ratifikasiýa etdi. Ýewropa Parlamenti we Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna salgylanyp, bu resminamany tassyklamakdan saklanyp gelýärdi.
Ýöne Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu resminamany yzly-yzyna tassykladylar. Britaniýanyň hökümet web saýtyna görä, 2018-nji ýyla çenli Türkmenistan ÝB Hyzmatdaşlyk şertnamasy Britaniýadan özge ähli ÝB ýurtlary tarapyndan ratifikasiýa edilen ekeni. Mälim bolşy ýaly, Britaniýa Ýewropa Bileleşigini 2020-nji ýylda resmi taýdan terk etdi.
Bileleşik Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýykgyn edýär. Raşid Meredow bilen Josep Borrelliň duşuşygynda “taraplar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler. Energetika, ulag, sanly ulgam, bilim we daşky gurşaw ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi” diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Bileleşik 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny kabul etdi. Bu strategiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklarynyň, demokratiýanyň, howpsuzlygyň, daşky gurşawyň ösdürilmegini; ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, hususy pudagyň ösdürilmegini; sebitde özara söwdanyň we durnukly arabaglanyşygyň pugtalandyrylmagyny hem-de regional integrasiýany ileri tutýar.
Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Brýussele amala aşyran saparyndan bir hepde öň, 10-12-nji mart aralygynda Wenada boldy.
Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýewropa ýurtlary bilen söwda-ykdysady ulgamlarda, energetika we transport pudagynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekýärler.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk şertnamasy taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny kesgitleýär.
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan köpýyllyklaryň dowamynda, hususan-da, energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip gelýär.
Tebigy gaz serişdelerine baý Türkmenistan özüniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy arkaly Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, ondan aňry Türkiýä we ýewropa ýurtlaryna ýa-da Eranyň üsti bilen swap ylalaşygy arkaly Türkiýä we ondan aňry ýewropa ýurtlaryna gaz ibermegiň mümkinçiliklerini gün tertibine getirýär.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow martyň başynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynda öz ýurdunyň Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Eýranyň üsti bilen Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz iberip biljekdigini aýtdy.
Bu saparyň çäklerinde Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda gaz üpjünçiligi boýunça özara düşünişmek ähtnamasyna gol çekildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýewropa paýtagtlaryna amala aşyrýan saparlarynyň fonunda synçylar Türkmenistanyň Ýewropa sebitine gaz ibermek mümkinçiliklerine çynlakaý çemeleşip başlandygyny aýdýarlar.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts 17-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan taýýarlanýan “Mejlis” gepleşigine beren interwýusynda türkmen hökümetiniň, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Türkiýe we Ýewropa ýurtlary bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini gürrüň berdi.
Eksperte görä, ýurtlaryň arasynda häzir bar bolan gaz geçirijileriň hödürleýän mümkinçilikleri Türkmenistanyň Günbatar ugry boýunça ýylda 30 milliard kub metr ýaly uly möçberlerde gaz ibermek isleglerini çäklendirýär.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýyllyk kuwwaty 20 milliard kub metre çenli gaz geçirmäge ukyply geçiriji ulgamlary bar.Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky gaz geçiriji ulgamy ýylda 14 milliard kub metre çenli gaz geçirmäge ukyplydyr.
Häzirki wagtda bu ulgam arkaly Türkiýe Eýrandan 10-11 milliard kub metr töweregi gaz import edýär.Eýran Azerbaýjan bilen aradaky gaz geçiriji ulgamynyň ýyllyk kuwwatyny 5,5 milliard kub metre çenli giňeltmäge çalyşýar.
Azerbaýjan türkmen gazyny öz çäginden üstaşyr geçirip bermäge özüniň taýýardygyny mälim edip gelýär, ýöne bu ugurda türkmen tarapynyň başlangyç bilen çykyş etmelidigini nygtaýar.
“Türkmenistan elmydama-da biz Günbatara gaz eksport etmek isleýäris, biz hakykatdan-da isleýäris’ diýip gelýär. Ýöne olar ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr töwereklerinde gaz geçirmäge ukyply bolan ulgamlara isleg bildirip geldiler.
Muňa garamazdan, Türkiýede geçirilen gepleşiklerde Türkiýä, ondan aňry Ýewropa gaz ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, eksporta degişli gazyň deslapky göwrümi, iki milliard kub metr ýaly kiçi möçberler barada gürrüň edildi” diýip, britaniýaly bilermen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Mejlis gepleşigine gürrüň berdi.
Türkmenistan Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň ýa-da Eýranyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermekçi bolýar, ýyllyk kuwwaty 14 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolan Eýran - Türkiýe gaz geçirijisi goşmaça 4 milliard kub metr çemesi gaz akdyryp bilýär.
Galyberse-de, Türkmenistan Eýran gaz geçirijilerinde Yrak bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşylan 10 milliard kub metre çenli türkmen gazyna-da ýer tapylmaly. Azerbaýjan hem swap ylalaşygy arkaly Eýranyň üstünden ýylda ýylda takmynan 2 milliard kub metre çenli türkmen gazyny satyn almak barada ylalaşypdy. Ýöne bu ylalaşyk 2024-nji ýylyň ýanwarynda wagtlaýyn togtadyldy.
Türkmenistan bilen Eýran arada Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisi 1997-nji ýylda, Döwletabat-Sarahs-Hangyran gaz geçirijisi 2010-njy ýylda işe girizildi.
Energetika bilermeniniň sözlerine görä, Türkiýe, hususan-da, göz öňünde tutulýan Hazarüsti gaz geçiriji ulgamy arkaly, Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny import etmäge isleg bildirýän ýaly bolup görünýär.
2023-nji ýylyň dekabrynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk topary türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermegiň ähmiýetini nygtady.
Has ozal, türk resmileri 2022-nji ýylyň tomsunda türkmen gazyny import etmek boýunça üç ugruň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny mälim etdiler.
“Türkler türkmen gazyny import etmäge aýgytly çemeleşýän ýaly bolup görünýär” diýip, Roberts aýdýar.
Bilermene görä, Türkiýe hem sebitde gaz merkezine öwrülmäge synanyşýar, şol bir wagtda Türkiýe uly möçberlerde rus gazyny satyn alýar. Şonuň üçin, türk hökümeti rus gazyna bolan garaşlylygy azaldyp, deňagramlylygy ýola goýmak maksady bilen, energetika çeşmelerini artdyrmaga, şol sanda türkmen gazyny satyn almaga isleg bildirip gelýär.
Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy durmuşa geçirilen halatynda hem, Azerbaýjandan Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna çenli bar bolan gaz geçiriji ulgamlarynyň ýyllyk kuwwaty uly möçberlerde türkmen gazynyň iberilmegine mümkinçilik bermeýär.
“Türkmen hökümeti, indi, ýagdaýa realist çemeleşip başlan ýaly bolup görünýär. Olar diňe häzirki täjirçilik şertlerinde Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermegiň mümkin boljakdygyna göz ýetirip başlan ýaly bolup görünýär. Häzirki bar bolan täjirçilik şertleri täze infrastrukturalara köp mukdarda harajat sarp edilmegini oňlamaýar. Olar [ýewropanyň potensial energetika hyzmatdaşlary] mümkin boldugyndan bar bolan infrastrukturalardan peýdalanmaly bolýarlar” diýip, Roberts aýdýar.
Azerbaýjan Günorta gaz koridory arkaly Ýewropa ýurtlaryna iberýän tebigy gazyny 2027-nji ýyla çenli 20 milliard kub metre çenli çykarmagy meýilleşdirýär. ÝB 2022-nji ýylyň dekabrynda Günorta gaz koridorynyň Azerbaýjanyň tebigy gazyna degişli böleginiň ýyllyk kuwwatyny 10 milliard kub metrden 20 milliard kub metre çenli giňeldiljekdigini yglan etdi.
Bileleşik Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň fonunda rus gazyna bolan garaşlylygy azaltmaga, import ugurlaryny giňeltmäge çalyşýar.
Şeýle meýilleriň arasynda, energetika bilermenleri, Russiýanyň hem ýewropa bazarlarynyň ornuny çalyşmak üçin, Hytaý ugry boýunça gaz eksportlaryny artdyrmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.
Hytaý gaz geçiriji arkaly satyn alýan gazynyň agramly bölegini Türkmenistandan alýar. Şeýle-de, mundan ozal, 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň täze gaz geçiriji taslamalary babatynda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýandygy mälim bolupdy.
Robertse görä, Russiýa Gündogar ugry boýunça hem Türkmenistany gaz bazaryndan gysyp çykarmaga çalyşýar. Ýatlasak, mundan ozal, Özbegistany, Gazagystany, Russiýany we beýleki sebit ýurtlaryny öz içine alýan Gaz bileleşigini döretmek barada teklip bilen çykyş etdiler.
Russiýa Sowetler döwründe gurlan Merkezi Aziýa Russiýa gaz geçirijisi arkaly Özbegistana gaz satýar. Bilermene görä, Russiýa Merkezi Aziýa Russiýa gaz geçirijisi arkaly sebit ýurtlaryna gaz iberip, şol gazyň öwezine Merkezi Aziýa Hytaý gaz geçirijisinden gytaklaýyn peýdalanmaga, bu ulgamdan paý almaga çalyşýar.
Bu bolsa, Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerine ters gelýär. Ýatlasak, Türkmenistan Russiýanyň “Gaz birleşigi” baradaky belliklerinden nägile bolup, 2023-nji ýylyň tomsunda beýanat çap edipdi.
Britaniýaly bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistan üçin Günbatar ugry boýunça gaz eksport etmekde Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurulmagy amatly bolup durýar. Ol Hazar deňziniň türkmen kenaryndan azeri kenaryna çenli uzynlygy 78 kilometre barabar bolun gaz geçirijisiniň gurlup, işe girizilmegi Günbatar eksportlaryna badalga berip biler.
“[Degişlilikde ujypsyz harajat bilen] täze ulgama [Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna] badalga berip bolar.Ulgama badalga berilse, we transmilli ulgamyň beýleki bölekleri [Günorta gaz koridory] giňeldilse, Türkmenistan hem bu ulgam arkaly iberjek gazynyň göwrümini artdyryp biler.
Meniň pikirimçe, diňe biz däl, türkler hem şu taslamany göz öňünde tutýarlar.Biziň bu taslama gatnaşyp-gatnaşmajakdygymyz hem belli däl” diýip, energetika bilermeni aýtdy.
Hazarüsti taslamasy işe girizilende, bilermene görä, ilkibaşda iri möçberlerde gaz geçirip bolmaz, sebäbi Türkmenistandan Azerbaýjana gaz iberilen halatynda hem bu gazy Azerbaýjandan aňry, ýewropa ýurtlaryna akdyrmaga infrastruktura ýok. Bar bolan desgalarda türkmen gazyna ýer ýok. Ýöne bilermen, wagtyň geçmegi bilen, Günorta gaz koridory giňeldilen halatynda Türkmenistanyň hem Hazarüsti gaz geçiriji ulgamy arkaly iberýän gazynyň göwrümini artdyryp biljekdigini aýdýar.
Synçylar ýewropa banklarynyň gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri bilen bagly taslamalary ileri tutmaýandyklaryny aýdyp, Hazarüsti taslamasynyň töweregindäki maliýe meselelerine ünsi çekip gelýärler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň tomsunda ýörite beýanat çap edip, Hazarüsti taslamasynyň öňünde hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyny aýtdy. Daşary syýasat edarasy bu beýanatda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň Hazar deňziniň düýbüniň çäkleriniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda kesgitlenilmegine baglydygyny hem aýdypdy.
Bu aralykda, Türkmenistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hem tagalla edilýändigini aýdýar. Ýagdaýdan habarly bir çeşme ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda bu taslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna türkmen hünärmenleriniň iberilip başlanandygyny aýtdylar.
Azatlyk Radiosynyň ikinji bir çeşmesi Owganystana türkmen hünärmenleriniň iberilip başlanandygyny tassyklap, olaryň TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna däl, Owganystanyň öz içinde, Hyrat we Badgys welaýatlaryndan geçýän başga bir gaz geçirijiniň gurluşygyna iberilýändiklerini aýtdy.
Türkmen resmileri fewralyň soňky hepdesinde Kabulda, martyň birinji hepdesinde Aşgabatda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň wekilleri bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri Brýusselde geçirilen duşuşyklarda taraplaryň arasynda energetika hyzmatdaşlygy boýunça geçirilen maslahatlaşmalaryň jikme-jikligini mälim etmeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen mediasy 2023-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýylyň ahyrynda çenli Brýussele sapar etmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdylar. Ýöne bu heniz amala aşmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.