Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň işgärlerinden ybarat wekilçilikli türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar.
Türkmenistanyň Fransiýadaky diplomatik wekilhanasy tarapyndan habar berilmegine görä, mejlisiň çäklerinde türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri, şol sanda Baş direktoryň orunbasary Ernesto Ramirez bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Fransiýadaky türkmen ilçisi Maksat Çaryýew girdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň on iki konwensiýasyna goşulmak we Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna Dizaýn ugry boýunça goşmak baradaky tagallalaryna aýratyn üns berildi. Medeni diplomatiýada we taryhy hem-de medeni mirasy goramak babatda gazanylan üstünlikler hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary hökmünde kesgitlenildi diýlip, habarda aýdylýar.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki işiň çäginde möhüm öňegidişlikleri bellediler. Bu nukdaýnazardan, bu senä bagyşlanan dabaralary we çäreleri guramak meselelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda ministr A.Şamyradow hem çykyş edip, häzirki Baş Konferensiýanyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň senenamasyna goşmak kararyna geljekdigine umyt bildirdi we Guramanyň Baş direktory Odri Azuly we ÝUNESKO-nyň beýleki wekillerini bu senäni Türkmenistanda bellemäge çagyrdy.