Türkmen wekiliýeti YHG-niň duşuşygyna gatnaşdy

4-5-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Ärdebil şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň 5-nji duşuşygyna ýurdumyzyň wekilýeti hem gatnaşdy. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde syýahat pudagynyň hünärmenleriniň 7-nji duşuşygy hem geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow hem-de Aziýanyň merjeni hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Gurban Gurbanow gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistan üçin ähmiýeti, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimiz barada giňişleýin maglumatlar berildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlara ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyryjy bukletler, žurnallar, neşir we sowgatlyk önümleri gowşuryldy.

Türkmenistandan gatnaşyjy Aziýanyň merjeni hususy syýahatçylyk kärhanasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda birnäçe gepleşikler geçirildi we şertnamalar baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan YHG-niň DIM-niň Geňeşiniň Maşatda geçirilen mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti YHG-niň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşdy
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek teklip edildi
Mary şäheriniň 2027-nji ýylda YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty bolmagy teklip edilýär
Serdar Berdimuhamedow Daşkentde Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow YHG ýurtlaryny kiçi we orta işewürligi ösdürmäge çagyrdy