Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türki dilli ýurtlaryň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisine gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisde türki dünýäsinde medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjek birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Şolaryň hatarynda türkmen medeniýeti bilen baglanyşykly Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegini bellemek bolar. 2023-nji ýylda bolsa bu ady Azerbaýjanyň Şuşa şäheri hormat bilen göterer.

Mundan başga-da, mejlisde 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bulardan başga-da, mejlisde 15-nji dekabrda Türki diliniň Halkara gününi bellemek barada ylalaşyk gazanyldy. Munuň özi türki taryhynyň özboluşly ýazuw çeşmesi bolan Orhon ýazgylarynyň dilçi alym Wilýam Tomsen tarapyndan 15-nji dekabrda okalandygy bilen baglanyşdyrylýar.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew guramanyň 30 ýyllyk taryhy bilen türki medeniýetiniň ösmegine gönüden-göni goşant goşýandygyny belledi. Şeýle hem ol bu duşuşygyň türki dünýäsinde medeni we sungat durmuşyny emele getirjek möhüm kararlara sebäp bolmagyny arzuw etdi.

Türki dilli ýurtlaryň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň ahyrynda jemleýji beýannama kabul edildi. Oňa beýleki ýurtlaryň medeniýet ministrleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gorkut ata halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar