7-8-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda Tokio şäherinde Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýa 2023 atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň işine Ýaponiýanyň hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ylmy we bilim toparlarynyň hünärmenleri, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berdi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda ýakynda ýurtda häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän akylly şäher Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berlendigi bellenip geçildi. Täze şäherde ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň BMG-2030 Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýörelgelerine gabat gelýändigi barada bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň netijeleri boýunça Tokio Beýannamasy 2023 kabul edildi.Hususan-da, halkara maslahatyna gatnaşyjylar şäherleri abadanlaşdyrmak üçin maýa goýumlary artdyrmagyň, bu ugurda akylly şäherleriň we sanly özgertmeleriň zerurlygyny aýratyn bellediler.
Bu ugurda Ýaponiýanyň Ylym geňeşi ýokardaky maksatlara ýetmek babatda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hereketlerini ýokarlandyrmak üçin köpugurly dolandyryş strategiýasynyň üsti bilen innowasiýa geçmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasyndaky Tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) bilen Aşgabat şäheriniň çäklerinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny gowulandyrmagyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki barlaglary geçirmek boýunça işler alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.