Türkmen wekiliýeti Routes Asia 2024 forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Routes Asia 2024 forumyna gatnaşýar

Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27 — 29-njy fewral aralygynda Malaýziýa ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hem-de arhipelagyň 99 adasynyň içinde iň uly ada bolan Langkawi adasynda konferensiýalaryň ilkinji sapar geçirilýän ýeri bolan Langkawi Halkara konferensiýalar merkezinde geçirilýän Routes Asia 2024 forumyna gatnaşýar. Bu barada awiakompaniýa resmi saýtynda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bagyşlanan, ýollary ösdürmek boýunça ýeke-täk çäre bolmak bilen bu forum awiakompaniýalara, howa menzillerine, syýahatçylyk kompaniýalaryna we awiasiýada gyzyklanma bildirýän taraplara duşuşyklar, öňdebaryjy tejribäni alşyp-berişmek hem-de ulgamlaýyn strategiýalary işläp düzmek, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki awiagatnawlaryň geljekki ösüşini üpjün etmek babatda tagallalary birikdirmek üçin meýdançany teklip edýär.

Türkmenistanyň howa ulgamy çygrynda daşary ykdysady aragatnaşyklary dürli ýurtlar bilen 50-den gowrak halkara ylalaşyklarynyň we konwensiýalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (IKAO), Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň we Halkara awiasiýa komitetiniň (HAK) agzasy bolup durýar.

Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Routes Asia 2024 forumyna gatnaşmagy Türkmenistanyň bu çygyrda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge ýardam etmek üçin gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

“Sky KG” howaýollary Türkmenistanyň howa menzillerinde howa enjamlarynyň uçuş barlaglaryny geçirdi
Lebap: Dabara bilen açylýan täze desgalar boş durýar
IATA Kerki halkara howa menziline kod berdi
Lebapda medeniýetiň we sungatyň baýramy
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy
Kerki howa menziline ICAO-nyň kody we halkara ülňülere laýyklyk güwänamasy berildi