16-17-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine seredildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demir ýol infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, daşary işler ministrleri we iki döwletiň wekiliýetleriniň agzalary türkmen hem-de owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan energetika, ulag taslamalaryna baryp gördüler diýlip, habarda bellenilýär.