Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 19-20-nji iýunda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşýar.
19-njy iýunda wekiliýetiň ýolbaşçysy esasy çäräniň ikinji mejlisinde — BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde çykyş etdi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek üçin täzelenen Hereketleriň meýilnamasynyň mehanizmini güýçlendirmegiň we Duşenbe prosesiniň çäginde sebit ýurtlarynyň tagallalaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistan milli derejede zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreşmek üçin Milli strategiýa we hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýär.
Saparyň dowamynda ministriň orunbasary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň kömekçisi, BMG-niň Terrorçylyga garşy komitetiniň ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi.
W.Woronkow bilen bolan duşuşykda BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Hususan-da, halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreşmek babatynda borçnamalaryň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin täsirli mehanizmleri döretmäge gönükdirilen Guramanyň agza döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meseläniň üstünde durlup geçildi.
Taraplar BMG-niň Terrorçylyga garşy global strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýa üçin sebitleýin Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem halkara hukuk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, terrorçylyga garşy göreşiň halkara hukuk binýadyny durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.
W.Hajiýewiň N.German bilen geçirilen duşuşygynda Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek we sebitdäki durnuklylygy ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryny beýan etdi we ýurduň transmilli meseleleri çözmek üçin BMG we hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
N.German hem öz gezeginde Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga ygrarlydygyna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň BMG-nyň terrorçylyga garşy edaralary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdäki goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hususan-da, 2024-nji ýylda Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiň missiýasynyň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.