17 — 21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem wekilleri girdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşygy geçirildi.
Surat: mfa.gov.tm
Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň söwda, senagat we energetika ministri Li Çang Ýang bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşyldy we ony mundan beýläk hem ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Surat: mfa.gov.tm
B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Daewoo Engineering and Construction kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jong Won-Ju bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda netijeli söwda-ykdysady, energetika, ulag, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alyşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň K-EXIM eksport-import bankynyň, K-SURE söwda-ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, Hyundai Engineering, Hyundai Corporation, LX International Corp., Omnisystem Co. Ltd, Olive Union, Poonglim Pharmatech, SK Telecom, LS Cable & System, LG CNS, Stealien we Rovigos kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň dürli şäherlerinde ýerleşýän zawoddyr kärhanalarynyň işi we önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.