21-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet Katar döwletiniň Doha şäherinde ýerleşýän sergi we konferensiýa merkezinde geçirilýän “Kids Expo 2024” halkara sergisine gatnaşdy.
Serginiň dowamynda türkmen wekiliýeti çagalaryň doglan wagtyndan başlap 13 ýaşyna çenli bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş ulgamlaryndaky iň täze gazananlar bilen tanyşdy.Bilim tehnologiýalary, logopediki we saglyk hyzmatlary bilen bagly bölümlere aýratyn üns berildi.
Wekiliýet “A+Programm” maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenen innowasion okuw usullary bilen hem tanyşdy.Bu maksatnama, wirtual reallygy, emeli aňy we aralaşdyrylan okuw usullaryny ulanmagy öz içine alýan öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Bu tehnologiýalar okuw prosesiniň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga we çagalaryň tankydy pikirlenme ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär.Türkmen wekiliýeti serginiň guramaçylary we halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirip, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we degişli tejribe alyşdylar. Ýurdumyzda çagalaryň bilim we saglyk ulgamlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi. “Kids Expo 2024” sergisine gatnaşmak, Türkmenistanyň çagalaryň ösüşini we goldawyny üpjün etmek bilen bagly meselelerde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň möhüm ädimi boldy. Çeşme: education.gov.tm /* custom css */ .td_uid_15_6740748652df3_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6740748652df3_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }