Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Ýaşlar federasiýasynyň guramagynda 15 --- 22-nji maý aralygynda ýurduň Sinszýan, Şensi welaýatlarynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" atly forumy geçirilýär.Forum HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideosammitde hödürlän teklibi esasynda we Hytaý --- Merkezi Aziýa sammitiniň Sian Jarnamasynda beýan edilen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek, agzalan ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda özara tejribe alyşmak maksady bilen guraldy.

Oňa Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan hem-de Hytaýdan ýaşlar guramalarynyň wekilleri, ýaş telekeçiler, ylym we tehnologiýa, habar beriş serişdeleri boýunça iş alyp barýan ýaşlar gatnaşýarlar.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän foruma dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlarymyzdan ybarat bolan türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşýar.

"Geljege köpri --- 2024" forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar 15-nji maýda Hytaýyň Sinszýan sebitindäki ylym we tehnika boýunça hem-de çeperçilik muzeýlerine baryp gördüler we olardaky gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Forum öz işini dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň forumynda çykyş etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
"Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýan türkmen ýaşlary Hytaýyň Sian şäheriniň medeni, aň-bilim ojaklaryna baryp gördi
Türkmen wekiliýeti Sianda geçirilen ykdysady foruma gatnaşdy