Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän ýetginjekler üçin lagere we mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşýar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasy (ECOSF) tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Kunming şäherinde geçiriljek “Ýetginjekler üçin 8-nji “Guşak we Ýol” atly lageriň 2-nji tapgyryna we mugallymlar üçin okuw maslahatyna” gatnaşmak üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň umumybilim edaralaryndan düzülen bäş okuwçydan hem-de iki mugallymdan ybarat türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 21-31-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kunming şäherine okuw saparyna iberildi.

Ýetginjekler üçin “Guşak we Ýol” atly lageriň hem-de mugallymlar üçin okuw maslahatynyň esasy maksady, ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, ýaş nesillerde täze gözleglere, innowasiýalara bolan höwesi döretmäge ýardam etmekden, şeýle hem mugallymlaryň hünär tejribeleri boýunça özara pikir alyşmalary guramakdan ybarat.

Türkmen wekiliýeti Kunmingde bolan döwründe şäheriň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp görer, bu olara hytaý medeniýetine we halklaryň medeni gatnaşyklarynyň özara arabaglanyşygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Bu tejribe, türkmen ýaşlarynyň dünýä jemgyýetçiligine goşulmagyna möhüm goşant bolar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň Ýetginjekler üçin “Guşak we Ýol” atly lageriň hem-de mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşmagy, Türkmenistanyň işjeň halkara hyzmatdaşlygyna we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär. Şular ýaly çäreler ýurtlaryň arasyndaky ylmy we bilim gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem gatnaşyjylaryň hünär endiklerini we bilimlerini ösdürmäge kömek edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu dabaralara dünýäniň 38 ýurdunyň wekiliýetinden ybarat, jemi 300-e golaý wekiller gatnaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän ýetginjekler üçin lagere we mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşýar
25-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Ýönekeý HK: Hytaýyň orta we ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär
Özbegistan dokma önümlerini 52 ýurda eksport etdi