Türkmen wekiliýeti halkara balykçylyk hojalygy forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti halkara balykçylyk hojalygy forumyna gatnaşdy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara balykçylyk hojalygy forumyna gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde balykçylyk hojalygynyň, deňiz önümleriniň hem-de enjamlarynyň sergisi hem geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär. Şeýle-de forumyň maksatnamasynyň çäklerinde mowzuklaýyn tegelek stollar, ylmy-amaly hem-de biznes seminar gurnaldy.

Global Fisheri Forum & Deafood Expo Russia 2024 işewürlik maksatnamasynyň çäginde Balykçylyk pudagynda bilim we gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygy atly halkara ylmy we bilim forumynyň tegelek stoly geçirildi. Onda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy S.Annamuhammedow çykyş etdi.

Çykyşlardan soň, balykçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alyşyldy. Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki şahamçasynyň ýolbaşçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
Deňizde ýitdi, iki aýdan tapyldy
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler