Türkmen wekiliýeti halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti VII halkara balyk senagaty maslahatyna we balyk senagatynyň, deňiz önümleriniň we tehnologiýalarynyň sergisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Bu çäre özüniň köpöwüşginli sergi diwarlyklary we “tegelek stol” duşuşyklaryny, tanyşdyrylyş dabaralaryny, roud-şoulary, ylmy-amaly okuw maslahatlary hem-de işewürlik duşuşyklaryny öz içine alýan giň gerimli işewürlik maksatnamasy bilen tapawutlandy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň (TOHU) wekilleri çärä gatnaşan wekiliýetiň düzüminde boldy. “Global Fisheri Forum & Seafood Expo Russia 2024” maksatnamasynyň çäklerinde halkara ylym-bilim maslahatynyň “Balykçylyk pudagynda bilim we barlag taslamlaryny durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy” atly “tegelek stol” duşuşygy geçirildi.

Onda TOHU-nyň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri S.Annamuhammedow çykyş etdi.Ol balykçylygy ösdürmek babatda çäreler boýunça özara pikir alyşmagyň ähmiýetlidigini belledi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň we onuň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastyndaky şahamçasynyň wekilleri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdylar.

“Bu çäre ylmy taslamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleri üçin açyk dialog boldy. “Tegelek stol” duşuşygy we tutuşlygyna forum balyk hojalygy toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamakda halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny döretmek üçin meýdança boldy” diýip, Annamuhamedow nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti halkara balykçylyk hojalygy forumyna gatnaşdy
MEETING OF THE MINISTERS OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN AND THE RUSSIAN FEDERATION
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Deňizde ýitdi, iki aýdan tapyldy
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler