Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-9-njy sentýabrda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň XXXVII mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Mejlisiň çäklerinde GDA-na agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlis bilen ugurdaş gurama agza ýurtlaryň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan Art Expo halkara sergisi hem geçirildi. 9-njy sentýabrda GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýan wekiliýetleriň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň hem birnäçesi geçirildi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy
Gazagystan ýurduň paýtagtynyň öňki Astana adyny dikeltdi
Gazagystanyň paýtagtynyň ady üýtgediler