Türkmen wekiliýeti Duşenbede işewürlik gepleşiklerini geçirýär

Türkmen wekiliýeti Duşenbede işewürlik gepleşiklerini geçirýär

Şu ýylyň 26 28-nji noýabry aralygynda türkmen wekiliýeti Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistanyň paýtagty Duşenbede iş saparynda bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýolbaşçylyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täjigistanyň “Howar” Milli habarlar agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, toparyň nobatdaky mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady, söwda, tehniki, ylmy, medeni gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryny, energetika we suw serişdeleri, ulag hem-de senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy, şol sanda Türkmenistandan Täjigistan Respublikasyna nebit önümlerini import etmek meselelerini maslahatlaşýarlar.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi öz işini 28-nji noýabra çenli dowam eder.

Şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak üçin şu ýylyň 26 — 30-njy noýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde ÝUNIDO-nyň we Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiriler.

Ýene degişli makalalar

20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşdy
“Güneşli” çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Aşgabatda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy