Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar

Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Täjigistan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi boýunça Iş toparynyň birinji mejisine gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrligi habar berdi.

Mejlisiň çäklerinde bu halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek, onuň üsti bilen ýük daşalyşyny artdyrmak we söwda düzgünlerini ýeňilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisde Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Begli Söýünow hem-de Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Aýmyrat Şiriýew Türkmenistana wekilçilik eder.

Çeşmede bellenilişi ýaly, bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitiniň üsti bilen Hytaýy Türkiýe bile baglanyşdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi ýük dolanyşygynda dürli ulag serişdelelerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglaryny ulanmagy göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygy geçirildi
Magtymgulynyň pars diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany