Türkmen wekiliýeti Dubaýda köpugurly gepleşikleri geçirdi

Türkmen wekiliýeti Dubaýda köpugurly gepleşikleri geçirdi

14-16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olar barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Hususan-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdiriýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin deňiz, demir ýol we howa ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak barada pikir alşyldy.Türkmenistan awiakompaniýasynyň we beýleki ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri BAE-niň Baş raýat awiasiýa edarasy bilen özara gatnaşyklaryny we geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasy bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-e Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek barada gürrüňdeşlik geçirildi.

Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdiriýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi bilen iki ýurduň ykdysadyýetde we syýahatçylykda gazanan üstünlikleri barada pikir alşyldy.BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilip, onda birža boýunça awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we gymmat bahaly kagyzlaryň biržada ulanylmagy ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada gürrüň edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti BAE-de ulag aragatnaşygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ SOŇKY DUŞUŞYKLARY
BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi
"SpaceX", "Alibaba" we "Boeing" Aşgabatda geçiriljek transport maslahatyna gatnaşarlar
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy