Türkmen wekiliýeti Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi

Türkmen wekiliýeti Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi

17 19-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýurduň medeniýet, sungat, ylym-bilim işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýaşulularyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgählerine zyýarat saparyny amala aşyrýarlar.

Saparyň dowamynda ýurduň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Inçeburun şäherinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köp sanlysy tarapyndan mähirli garşylandy. Şäheriň merkezindäki döredijilik öýüniň meýdançasynda eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan çykyşlara tomaşa edildi. Bu ýerde milli tanslar, türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi.

Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan şäherleriniň biri bolan Gülüstan welaýatynyň Marawadepe şäherinde Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna, şeýle-de türkmen-eýran dostlugynyň hormatyna sadaka berlip, ýagşy doga-dilegler edildi.

Bu ýerde gür ilatly Türkmensähra sebitiniň dürli künjeklerinden gelen türkmen alymlary, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, ylmy taýdan derňemek we goşgularyny çap edip, okyjylara ýetirmek bilen bagly alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

Zyýarat saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, zyýaratçylar Gülüstan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Aktokaý obasyna geldiler. Bu ýerde türkmen halkynyň görnükli edebi şahsyýetleri Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähleri bar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary nusgawy söz ussatlaryny hatyralap, olaryň aramgählerine gül desselerini goýdular. Eýranda ýaşaýan türkmenleriň köp sanlysy we eýranly alymlardyr döredijilik işgärleri-de akyldarlary hatyralamak çäresine gatnaşdylar.

Soňra aramgähiň çäginde döredilen dabara meýdançasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary, alymlar hem çykyş etdiler, söz ussadynyň goşgularyndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende bellesek, aramgähiň çägindäki şeýle dabara her ýylyň maý aýynyň ikinji ongünlüginde geçirilip, oňa Eýranyň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň müňlerçesi gatnaşýar. Şu gezekki dabara bolsa, deslapky maglumatlara görä, eýranly türkmenleriň elli iki müňe golaýy gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Pagta möwsümi, çarter gatnawlary, täze okuw ýyly we hepdäniň beýleki möhüm wakalary
Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň serhedine çenli awtomobil ýoly gurlar
Aşgabadyň bazarlarynda ýerli un tapdyrmaýar, söwdagärler onuň gymmatlajakdygyny duýdurýar
Ildeşimiz halkara festiwalda birinji orna mynasyp boldy
Türkmen bagşysy Özbegistanda geçirilen festiwalda ýeňiji boldy
Muhadow Hujandda ilkinji kubogyny gazanmaga ýakyn geldi