Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar

29-njy ýanwarda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça Global Gateway maýa goýum forumy öz işine başlady. Halkara maýa goýum forumyna Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan) we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri gatnaşýar. Bu barada Biznes Türkmenistan internet neşiri habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Muhammedow, Türkmendemirýollary agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew, Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ-niň Baş direktory Merdan Bäşimow, şeýle hem Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow foruma gatnaşýarlar.

Forumyň dowamynda geçiriljek mejlisler ulagyň aýratyn görnüşleri, hyzmatdaşlygyň ugurlary we maýa goýumlaryň özüne çekijiligi ýaly dürli meseleleri öz içine alar.

Forumyň birinji gününde esasy üns Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr geçişiň wagtyny azaltmagyň, söwdany ýeňilleşdirmegiň, söwda we maýa goýum mümkinçiliginiň şerti hökmünde gury ýer ulag infrastrukturasyna gönükdiriler.

Forumyň ikinji güni Türkmenistan üçin derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda üstaşyr geçelgäniň mümkinçiliklerini öwrenmäge bagyşlanar.

Mejlisiň dowamynda ulag pudagynda işewür gatnaşyklary giňeltmek we ösdürmek, özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem forumyň barşynda Hazar deňzi arkaly ulag üstaşyr aragatnaşygy boýunça aýratyn mejlis geçiriler. Onuň çäginde Hazar deňzini üstaşyr kesip geçmegiň dürli ugurlary, şol sanda Aktau, Kuryk, Türkmenbaşy we Baku portlarynyň geçirijilik mümkinçilikleri we dolandyryş ulgamlary öwreniler.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça Global Gateway maýa goýum forumy 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli dowam eder.

Bu çäre Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde hem-de ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Hazarüsti ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmekdäki uzakmöhletleýin maksatlara gönükdirilendir.

Şeýle hem forum barlaglarda kesgitlenen meseleler boýunça anyk hereketleri amala aşyrmak bilen Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugry boýunça maýa goýumlary durmuşa geçirmek we utgaşdyrmak işine başlangyç bermegi maksat edinýär.

Ýakynda Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belläpdi.

Ýene degişli makalalar

TULM Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ Türkiýe Respublikasynyň ynsanperwer kömek ýüklerini Owganystana ugratmaga ýardam berdi
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
TULM AGPJ gurnamagynda MNG Airlines Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy