Türkmen wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 14-18-nji martda gibrid görnüşde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu komissiýanyň agzasy bolup durýar.

Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümetara guramadan we 72 hökümete degişli däl guramadan 1400 adam gatnaşdy.

Mejlisiň açylyşynda BMG-niň Ykdysady we Durmuşy geňeşiniň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe serişdelerine gözegçilik boýunça halkara komitetiniň, BMG-niň HIV/AIDS boýunça birleşdirilen maksatnamasynyň (UNAIDS) ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu ýaramaz nogsana garşy barlyşyksyz we berk göreşmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutýan esasy bir ugry bolup durýandygy belledi.

Türkmenistan neşe serişdelerine garşy göreş boýunça meselelere degişli ýokary derejeli köptaraplaýyn forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýandygy bellenildi. Bu netijeli tejribäni dowam etmek maksady bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça kiçi toparyň 55-nji mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Ten we adam söwdasynda güman edilýän türkmen zenany ýaranlary bilen sud edildi