Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde “Ählumumy bähbitler ugrunda suwdan peýdalanmak: ýapyk deňizler babatda Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi” diýen iş maslahaty geçirildi. Ol şeýle hem Araly halas etmegiň meselelerine bagyşlandy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan foruma Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, BMGÖM-niň, BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalaryň, Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistanyň, Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak wezipelerini hem-de şu wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we howanyň üýtgemegine dahylly meseleleri çözmäge gönükdirilen tekliplerini aýtmagy bilen şu duşuşygyň möhümdigi ýüze çykýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan suw — dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik şertleri bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgelere berk eýerýär.
Suw serişdelerine elýeterlilik, ony netijeli dolandyrmak meselelerine döwletleriň ösüşi, ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, adamlaryň abadançylyk we durmuşynyň hil derejesi gönüden-göni baglydyr. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, hormat goýmak, jogapkärçilik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda esas goýujy, kesgitleýji ölçegler bolmalydyr.
Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, biziň sebitimizde suw-energetika meseleleriniň aşakda beýan edilen şertlerde çözülmelidigini hemişe nygtaýar: birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda, şeýle hem Aral deňzini halas etmegiň meselesini görkezip, Milletler Bileleşigine agza döwletleri Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini guramanyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek barada Türkmenistanyň başlangyjyny goldamaga çagyrdy.
Häzirki iş maslahatynda ýurdumyzyň wekiliniň çykyşy bu baradaky meselä bagyşlandy.Bellenilişi ýaly, Aral meselesi ählumumy ekologiýa heläkçilikleriniň iň täze taryhynda irileriniň biridir.Ilaty 60 milliondan gowrak adam bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolan Aral heläkçiligi ekologiýa we durmuş-ykdysady täsirleri boýunça sebitiň durnukly ösüşine, bu ýerde ýaşaýan adamlaryň genofonduna hem-de abadan geljegine gönüden-göni howp salýar.
Emele gelen ýagdaý Ýer ýüzünde bolup geçýän howanyň ählumumy üýtgemeleri bilen çylşyrymlaşýar.
Emele gelen ýagdaýa düşünip, 1993-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýa döwletleri Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny döretmek barada çözgüt kabul etdiler.Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan şol gaznany esaslandyryjylar boldy. Şonuň bilen birlikde, Aral ýakasynyň ekologiýa howpunyň çäkleriniň giňelmeginiň dowam edýän şertlerinde bu mesele bilen baglanyşykly çözgütleriň dünýä bileleşigi tarapyndan goşmaça ýardam berilmegini talap edýändigi aýdyňdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, şu meselede Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy zerurdyr.
2008-nji ýylyň dekabr aýynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna synçy derejesini bermek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy kabul edildi. Bu bolsa halkara guramalar, ýardam bermek isleýän ýurtlar, ekologiýa gaznalary bilen hyzmatdaşlyklaryň işjeňleşdirilmegine oňyn täsir etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi BMG-niň AHHG-ny hyzmatdaş hökmünde ykrar edýändigini, onuň maksatlaryna ýetmekde gazna ýardam bermegi maksat edinýändigini görkezýär.
Ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler ýokary derejedäki dürli abraýly maslahatlaryň gün tertibine yzygiderli girizilýär. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy hem-de howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek meseleleri 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy durnukly ösüşiň esasy kadalarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
“Rio+20” maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aral deňzini halas etmegiň örän çylşyrymly meselesine ünsi çekip, Aral üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklibini beýan etdi. Şol maksatnamada ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar beýanyny tapmalydyr.
Bellenilişi ýaly, bu ulgamda işlenip düzülen çäreleri Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde amala aşyrmak maksadalaýyk bolar.
Türkmen Lideriniň netijeli başlangyçlaryna dünýä bileleşigi tarapyndan giňden düşünilýär we goldawa eýe bolýar. Şu ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda biragyzdan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu resminamada Aral deňziniň gurşawynda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary bilelikde amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen edaralara, maksatnamalara hem-de gaznalara, halkara maliýe edaralaryna AHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär.
Araly halas etmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda onuň gurşawynda ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri geçen ýyl BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana, Özbegistana we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine bolan iş saparlarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-a başlyklyk edýän Türkmenistan gaznanyň alyp barýan işiniň netijeliligini kämilleşdirmäge we ýokarlandyrmaga, geljekde Aral deňziniň gurşawyna degişli ýurtlaryň oňyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilip işlenilip taýýarlanylan Ýörite maksatnamanyň esasynda bu jogapkärli wezipäniň ýerine ýetirilmegine örän çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Onuň baş wezipesi sebitde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak üçin AHHG bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Bu maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak we dolandyrmak boýunça hem-de Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak ulgamynda, howanyň üýtgemegi babatda uzak möhletleýin strategiýany we anyk çäreleri işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek; halkara guramalary we maliýe edaralary bilen bilelikde, Aral deňziniň gurşawynda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak; bu mesele barada jemgyýetçiligi habarly etmek we beýlekiler ýaly ugurlar bar.
Iş maslahatynyň barşynda nygtalyşy ýaly, AHHG-nyň tejribesiniň dünýäniň beýleki sebitlerinde hem şunuň ýaly meseleleri çözmek üçin peýdaly bolup biljekdigi gürrüňsizdir.
Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy Aral deňziniň meselesini çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge netijeli çäre hem-de içerki suw giňişlikleriniň meseleleri babatda ýurtlaryň ählumumy başlangyjynyň esasy bolup biler.
Bu meseläni mundan beýläk-de işlemek maksady bilen, Aşgabat şäherinde bilermenleriň geňeşmelerini geçirmek teklip edildi.
Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň suw serişdelerini gorap saklamak we aýawly peýdalanmak hem-de durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa ýaly özara baglanyşykly ulgamlarda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyga uly goşant goşýandygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzda hemme ýerde suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ilaty ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär, howanyň täsirini ýumşatmak üçin tokaýlary dikeltmek we ýerden peýdalanylyşyny gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyryş çäreleri durmuşa geçirilýär.
Bagy-bossanlyga büremegiň umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň töwereklerinde suwy oýlanyşykly ulanmaga mümkinçilik berýän suwarmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak arkaly giň gerimli tokaýlyklar döredildi.
Şähergurluşyk ulgamynda, oba hojalygynda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hem ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmakdan ugur alynýar we umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Garagumda döredilýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny munuň ajaýyp mysaly hökmünde getirip bolar. Gerimi we ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslama suw serişdelerini gorap saklamak we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan BMG tarapyndan kabul edilen “Gün tertibi — 2030” maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen örän ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar hem-de parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, sebit we dünýä möçberinde durmuş we ykdysady ösüşleriň bähbidine netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýar.