Türkmen wekiliýeti BGG-niň Hemişelik Tehniki komitetiniň sessiýalaryna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti BGG-niň Hemişelik Tehniki komitetiniň sessiýalaryna gatnaşdy

24 — 26-njy oktýabrda türkmen wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda geçirilen Hemişelik tehniki komitetiň 241/242-nji sessiýalaryna gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi diýlip, Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.

Sessiýalara Bütindünýä gümrük guramasynyň başlygynyň orunbasary Rikardo Trewinýo Çapa başlyklyk etdi.Sessiýada ýylyň dowamynda Bütindünýä gümrük guramasynyň çäklerinde geçirilen konferensiýalaryň, sessiýalaryň hem-de duşuşyklaryň jemleri boýunça Guramanyň Sekretariatynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi.

Serhetleriň arasyndaky kadalaşdyryjy özara arabaglanyşyk, Elektron söwda, Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek şertnamasy, Ýaşyl gümrük ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Gümrük edaralary, Ýaşyl gümrük başlangyjy boýunça berilýän utgaşdyrylan okuwlarynyň zerurdygyny we yzygiderli geçirilmegini teklip etdiler.

Sessiýalaryň dowamynda Gümrük edaralarynda sanly ulgamy hem-de tehnologiýany ösdürmek, gümrük işgärleriniň iş tejribelerini artdyrmak bilen bagly çykyşlar edildi.

Şeýle-de gender deňligi bilen bagly, ýagny serhetýaka gözegçilik geçiriş ýerlerinde aýal maşgalalaryň sanynyň artdyrylmagy hem-de gümrük barlagyny amala aşyrmakda olaryň tejribelerini artdyrmak bilen bagly çykyşlar diňlenildi.

Sessiýalara dürli ýurtlardan jemi 300-den gowrak adam gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gyzy üçin adalat talap edýän enäniň sesi barha kän goldaw tapýar
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
Diňleýjiler Owazdan sowal bäsleşigi arkaly okuwa girmäge hukuk gazanyp bilerler
“Owaz” radioýaýlymyndan çäksiz sowgat
Röwşen aýakgaplary täze okuw ýyly üçin ýörite aksiýa yglan edýär