Türkmen wekiliýeti Belarus Respublikasynda saparda boldy

Türkmen wekiliýeti Belarus Respublikasynda saparda boldy

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyny taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek boýunça pudagara iş toparynyň agzalaryndan ybarat türkmen wekiliýeti 26-njy iýun — 2-nji iýul aralygynda Belarus Respublikasynda saparda boldy. Saparyň maksady Belarus Respublikasynda Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) bilen hyzmatdaşlykda adam söwdasyna garşy göreşmekde toplanan tejribe bilen tanyşmakdan ybaratdyr.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Belarus Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň, Zähmet we durmuş goraglylygy ministrliginiň, ýurduň Içeri işler akademiýasynyň Halkara okuw merkeziniň hem-de başga-da birnäçe döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Duşuşyklarda adam söwdasynyň pidalaryny ýüze çykarmak we olary öz ýurduna ugratmak boýunça milli mehanizmiň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistan wekiliýetiniň agzasynyň bermegine görä, Belarus Respublikasynyň adam söwdasyna garşy göreş tejribesi Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmekde ulanylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmagyň geljegine garaldy
Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiziň syýasatynyň özenidir
R.Meredow: Türkmenistan howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga taýýar
Türkmen wekiliýeti Halkara migrasiýa guramanyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan öz raýatlaryny daşary ýurtlarda goramak boýunça okuw geçirdi
01.07.2019 | Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi