Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

14-nji martda Azerbeýjanyň Baku şäherinde ýerleşen ösüş we diplomatiýa institutynda ÝUNESKO-nyň nukdaýnazaryndan türk dünýäsiniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we goramak atly temada maslahat öz işine başlady.

Maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Azerbeýjan Respublikasynyň Milli topary, Halkara türk Akademiýasy, türk medeniýeti we mirasy Gaznasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň Milli topary hem-de Azerbeýjanyň ösüş we diplomatiýa akademiýasy bilen bilelikde guraldy.

Maslahatyň işine Azerbeýjanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ynsanperwer, diaspora, multikulturalizm we din meseleleri boýunça bölüm başlygy Farah Alyýewa, medeniýet ministri Adyl Kerimli, Türki döwletleriň guramasyndan Kuwanyçbek Ömüralyýew, TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Soltan Raýew, Türk medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasynyň prezidenti Aktoty Reýimgulyýewa, Halkara türk akademiýasynyň prezidenti Şahin Mustafaýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň milli toparynyň başlygy Ojal Oguz, Atatürk adyndaky medeniýet, dil we taryh meseleleri boýunça Ýokary geňeşiň prezidenti Derýa Ors, syýahatçylyk boýunça Döwlet agentliginiň başlygy Fuad Nagyýew, Içerişäher döwlet taryh-binagärlik dolandyryşynyň goraghanasynyň başlygy Şahin Seýidzada gatnaşdylar we çykyş etdiler. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň başlygy Simona-Mirela Mikulesku maslahata gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly gutlagyny iberdi.

Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, taryh we arheologiýa institutynyň alymlaryndan ybarat wekilýet gatnaşdy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Azerbeýjanyň medeniýet ministri A.Kerimli türk medeni mirasyny goramagyň ýeke-täk usulynyň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Ol Türki dünýäsi uly maşgaladyr. Türki döwletleriň baş sekretary G.Ömüralyýew Baku şäherinde geçirilýän halkara maslahatyň iňňän möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen türki döwletleriň baý medeni miras sanawynyň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.

ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň başlygy Simona-Mirela Mikulesku maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, medeni mirasy goramagyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýändigini belledi.

Öz gezeginde TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Soltan Raýew Azerbeýjanyň çäklerinde soňky 30 ýylyň dowamynda milli mirasy goramak barada alnyp barlan netijeli işlere uly baha berdi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Azerbeýjanyň Milli Ylymlar Aakademiýasy tarapyndan XI asyrda ýaşap geçen tanymal türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat-et türk (Türki dilleriň diwany) sözlüginiň 290 ýyllygy mynasybetli guralan sergä gatnaşdylar.

Maslahatyň ilkinji gününde türki dünýäsiniň medeni mirasyny goramak babatda milli strategiýanyň we çemeleşmeleriň meselelerine bagyşlanan dört sany dürli ugurly mejlisler geçirildi. Onuň dowamynda türki döwletleriň bilermenleri çykyş etdiler we bu ugurda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.

Maslahat şu gün, 15-nji martda hem öz işini dowam etdi. Onda ÝUNESKO-nyň işleri barada TÜRKSOÝ-nyň agza döwletleriniň Milli toparlarynyň gatnaşmagynda milli mirasy goramagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşydy. Onuň yz ýanyndan maslahata gatnaýanlar Tegelek stolyň başynda bu babatda özara pikir alyşdylar. Maslahatyň jemi boýunça beýannama kabul edildi.

Maslahatyň çäginde oňa gatnaşyjylar Dokmaçylykda miras: türk egin-eşikleri, halylary we nagyşlary atly sergä gatnaşardylar hem-de Azerbeýjanyň milli haly muzeýine, Baku şäheriniň taryhy ýadygärliklerine baryp gördiler.

Ýene degişli makalalar

Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary