Türkmen wekiliýeti BAE-de ulag aragatnaşygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýeti BAE-de ulag aragatnaşygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

14 — 16-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Hususan-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň Etihad Rail demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň Dubai Nasdaq kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin deňiz, demirýol we howa ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak barada pikir alşyldy.

Soňky ýyllarda BAE-niň ýük we ýolagçy awiasiýasy täze derejelere çykdy. Esasan-da, Türkmenistan ilkinji nobatda Dubaý bilen howa gatnawyny ýola goýan döwletleriň biridir. Şeýlelikde, Türkmenistan awiakompaniýasynyň we beýleki ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasy bilen özara gatnaşyklaryny we geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BAE-niň Etihad Rail demir ýol edarasy bilen Türkmenistanyň Türkmendemirýollary agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE — Eýran — Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-ne Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek barada gürrüňdeşlik geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi bilen iki ýurduň ykdysadyýetde we syýahatçylykda gazanan üstünlikleri barada pikir alşylyp, geçen ýyl Dubaýda geçirilen EKSPO halkara sergisiniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

BAE-niň Dubai Nasdaq kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilip, onda birža boýunça awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we gymmat bahaly kagyzlaryň biržada ulanylmagy ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Dubaýda köpugurly gepleşikleri geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ SOŇKY DUŞUŞYKLARY
BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi
"SpaceX", "Alibaba" we "Boeing" Aşgabatda geçiriljek transport maslahatyna gatnaşarlar
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy