Türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Pittsburg şäherine baryp gördi

Türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Pittsburg şäherine baryp gördi

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

HHM-niň habar bermegine görä, olar saparyň dowamynda Taýýarlyk institutynyň bilim merkezine (Readiness Institute) baryp gördüler.

Institutyň hünärmenleri türkmen wekiliýetine alyp barýan işleri, mekdep okuwçylarynyň emeli aňy nähili öwrenýändikleri we olara orta bilimiň nähili berilýändigi barada gürrüň berdiler.

Türkmen wekiliýetiniň bu sapary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň howandarlygynda Döwlet gullugy akademiýasy üçin elektron dolandyryş mümkinçiliklerini güýçlendirmek taslamasynyň çäginde geçirildi.

Çeşmäniň bellemegine görä, taslama bilim ulgamyndaky häzirki zaman tehnologiýalara syn bermegi we bilim edaralary bilen hususy kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Emeli aňyň ynandyryjylygy güýçli boldy 
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Aşgabatdaky Iş nokady koworking merkezi işewürligiň ahlak kadalaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýar
Alymlar: giç oýanmak bilen süýji keseliniň arasynda baglanyşyk bar
Ýurduň ilkinji zenan prezidenti saýlandy
Google şereketi täze ofisler we maglumat merkezleri üçin 7 milliard dollar möçberinde pul serişdelerini goýberer