2 — 6-njy dekabr aralygynda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde 5-nji Bütindünýä Metbugat sammiti geçirilýär. Oňa Daşary işler ministrliginiň, TDH we Media-Türkmen habarlar agentliginiň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
3-nji dekabrda Dünýädäki ynamy güýçlendirmek, metbugatyň ösüşini ýokarlandyrmak şygary astynda geçirilen forumyň resmi açylyş dabarasynda, Sinhua habarlar agentliginiň baş direktory, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz bölüminiň başlygynyň orunbasary, Guandun welaýatynyň häkimi we Guançžou şäheriniň häkimi çykyş etdi. Şeýle hem ýygnananlara Global aragatnaşyk boýunça baş sekretaryň orunbasary, Ýaponiýanyň Kyodo News habarlar gullugynyň prezidenti, Reuters habarlar gullugynyň başlygy, şeýle hem People's Daily-niň, Associated Press-iň, Agence France-Presse-iň ýolbaşçylary we beýlekiler çykyş bilen ýüzlendiler.
Habarda bellenilişi ýaly, umumy mejlisden soň, 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitiniň bilelikdäki Beýannamasy çap edildi.
4-nji dekabrda forumyň işiniň barşynda gatnaşyjylar aşakdaky temalary ara alyp maslahatlaşdylar: media pudagynyň global kynçylyklaryny nädip çözüp boljakdygyny öwrenmek maksady bilen, Ynamy berkitmek: metbugatyň adam ösüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdaky orny, Üýtgeşmeleri kabul etmek: metbugatyň täze tehnologiki mümkinçiliklere we kynçylyklara beren jogaby, Pioner innowasiýalary: sanly tehnologiýalar döwründe täze media bazarlary we Ösüşiň gözleginde: has gowy gelejek üçin global media hyzmatdaşlygy.
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda global metbugat guramalaryny has uly durnuklylygy üpjün etmek hem-de biziň üýtgäp durýan dünýämize oňyn energiýa getirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, dünýä metbugat pudagynyň umumy ösüşini ýokarlandyrmaga we dürli taryhy geçmişi, medeni däp-dessurlary, ösüş derejeleri bolan ýurtlar bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegidir aragatnaşygy ösdürmäge çagyrdylar.