2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Ženewa şäherinde geçirilýänn 111-nji Halkara zähmet konferensiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy.
Ministr mejlisde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň HZG-niň işiniň geljegi baradaky 100 ýyllyk jarnamasyna ygrarlydygyny tassyklap, Baş direktoryň iş ýerlerini goramak we ilatyň girdejileri ýokarlandyrmak babatda möhüm bolan Sosial adalaty ösdürmek baradaky hasabatyny makulady.
Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana birnäçe gezek baryp görendigi nygtaldy we soňky bir ýylda geçirilen bilelikdäki işleriň netijesi barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2023-nji ýylda üçin Ýol kartasynyň kabul edilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Ýeri gelende bellesek, Halkara zähmet guramasy 2023-nji ýylyň 5-16-njy iýuny aralygynda 111-nji ýyllyk konferensiýasyny geçirýär. Konferensiýanyň dowamynda gurama agza 187 ýurtdan işçileriň, iş berijileriň we Hökümetleriň wekilleri durnukly ykdysadyýete gecmek, işgärleriň ýokary taýýarlygyny üpjün etmek we zähmeti goramak ýaly köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.