Garagum sährasynda ýerleşýän Goňurdepe galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde türkmen we rus arheologlary ýarymaý we üç sany ýyldyz şekillendirilen möhüri ýüze çykardylar.Bu megerem, Türkmenistanda tapylan gadymy astronomiki şekil bolup durýar.
Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, rus-türkmen Margiana arheologiýa ekspedisiýasynyň başlygy Nadežda Dubowa bilen söhbetdeşlige salgylanyp “TASS” habarlar agentligi habar berdi.
“Gazuw-agtaryş işleriniň bütin ýylynda Goňuryň ýüzlerçe nusgadan ybarat giň möhür toplumynyň üstüni ýene-de bir 11 möhür bilen ýetirdik. Şolaryň biri diýseň özüne çekijidir.Mundan öň biz ýyldyzlar topary diýip atlandyryp boljak şekilleri tapmandyk: köpsanly aýratyn ýyldyzlar we ýarymaý bular astronomiki jisimlere degişlidir.
Bu möhürde bolsa 3 sany ýyldyzyň aýratyn şekilde ýerleşdirilmegi onuň häsiýetli aýratynlygydyr.Türkmenlerde “Üç ýyldyz” diýlip atlandyrylýan ýyldyz toparynyň bardygy hem gyzyklydyr.Biz bu astronomiki jisim onda Türkmenistanyň çäginde tapylan şeýle görnüşli iň gadymy möhür bolýar diýip çakladyk. Ýöne muny doly ynam bilen aýtmak üçin tapynda astronomlar baha bermeli” diýip, ol aýtdy.
2024-nji ýyldaky möhüm tapyndylaryň arasynda arheologlar gips önümçiligini we ata meňzeş jandaryň kelleçanagyny ýüze çykardylar. Mundan öň Goňurdepede atlaryň sekiz sany galyndysy, ýöne ýekeje kelleçanagy tapylypdy. N.Dubowa arheologlaryň soňky 50 ýylyň dowamynda amala aşyrylan on müňlerçe tapyndyny özünde jemleýän Margiana ekspedisiýalarynyň dowamynda tapylan ähli tapyndylaryň toplumyny döretmegiň üstünde iş alyp barýandyklaryny belledi.
Arheologik ýadygärligi özünde jemleýän Goňurdepe Murgap derýasynyň gadymy akabasynyň ugrunda ýerleşen 300-den gowrak ilatly ýeriň içinde iň irisidir.Geçirilen barlaglar galanyň biziň eýýamymyzdan öň 2300 2250 ýyl ozal dörändigini we 600 800 ýyla golaý ýaşandygyny görkezýär.
Toplumyň merkezi bölegi 25 gektara golaý ýeri eýeläp, şäheriň galyndysy ýene-de 10 gektar çäge çenli uzapdyr.Bürünç asyrynda, biziň eýýamymyzdan öň, III II müňýyllygyň ahyrlarynda bu ýerde ýaşaýyş gülläp ösüpdir.
Onuň netijesinde Baktriýa-Margiana arheologiýa toplumyna degişli bolan Marguş medeniýeti kemala gelipdir. Özüniň baý taryhy mirasy bilen ünsi çekýän Goňurdepe 50 ýyldan gowrak wagt bäri barlaglar alnyp barylýan desga bolmagynda galýar.