Golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Rumyniýanyň Alba-Ýuliýa şäheriniň 1 Decembrie 1918 uniwersiteti bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylan maslahat geçirdi.
Çäräniň dowamynda 1 Decembrie 1918 uniwersitetiniň rektory Daniýel Breaz hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew, şeýle-de rumyn ýokary okuw mekdebiniň professorlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda dana şahyryň edebi we filosofiki mirasynyň dünýä nusgawy edebiýatynyň ösüşindäki ähmiýetini belläp geçdiler.
N.Şyhlyýew öz çykyşynda Magtymgulynyň edebi mirasynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
Mundan başga-da, çykyşlarda şahyryň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine eden täsiri, adamzadyň ählumumy ruhy hazynasyna goşan uly goşandy barada giňişleýin gürrüň edildi. Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň diňe bir Gündogar ýurtlarynda däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde tutýan orny barada hem durlup geçildi.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky wideorolikler görkezildi. Talyplar rumyn dilinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar.
Şeýle-de çäräniň çäginde türkmen talyplary Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.