23 25-nji ýanwar aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Farap awtoýollary we Alat gümrük nokatlarynda Port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy gurady.
Oňa iki ýurduň gümrük gullugynyň 16 hünärmeni gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre ýük awtoulagly daşamalarda harytlaryň bikanun dolanyşygynyň töwekgelçiligini azaltmak, onuň bilen bagly Port gözegçilik topar agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky ähmiýeti uly bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ulag geçirijiligini ösdürmek boýunça serhetleşýän gümrük edaralarynyň alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, bu ugurda gümrükçileriň özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksatlaryna gönükdirilendir.
Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermeniniň alyp barmagynda guralan amaly okuw çäresiniň barşynda, oňa gatnaşyjylar şübheli ýükler boýunça dessine deslapky maglumat alyşmak, haryt ulag resminamalaryny we geçirilen ýükleriň gümrük barlagynyň netijelerini seljermek ýaly amallary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikde geçirip, özara tejribe alyşdylar.