Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýaş alymlar geňeşi we german alymlary pikirleniş ulgamynda näsazlyklar bolan hassalaryň keseline baha bermek üçin emeli aňyň (EA) esasynda lukmançylyk enjamyny işläp taýýarladylar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 31-nji maýynda çap edilen 136-njy sanynda habar berilýär.
Swikkau şäherinde ýerleşýän Günbatar-Saksoniýa Amaly ylymlar uniwersitetiniň professory Kristian Brauweýler we doktory Tom Şall bilen hyzmatdaşlykda döredilen enjam “Raspberry Pi” diýlip atlandyrylýan bir plataly kompýuterden peýdalanýar. Ol ulgamyň elýeterliligini we çeýeligini, hassanyň fiziki ýagdaýy barada degişli maglumatlary toplaýan dürli datçikleriň we düzümleriň özara baglanyşygyny üpjün edýär.
Emeli aň lukmançylyk maglumatlaryny seljerýär, amatly interfeýs bolsa lukmanlara çykan netijeleri öwrenmäge ýardam berýär.
Habar bellenilişi ýaly, german bilermenleri öz bilimlerini emeli aňa girizdiler, öz gezeginde türkmen tarapy bolsa degişli enjamy işläp taýýarladylar.
Işlenip taýýarlanylan ulgam eýýäm Germaniýanyň degişli hyzmatdaş ýokary okuw jaýynda ilkinji synaglary geçdi. Bu ýerde ol kliniki tejribe şertlerinde özüniň netijeliligini görkezdi.
Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan programma üpjünçilik babatda awtorlyk patentini aldy.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Swikkau şäherinde ýerleşýän Günbatar-Saksoniýa Amaly ylymlar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2016-njy ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen badalga aldy.