Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 20-nji iýulda Saglyk — 2019 atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi.Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesi islendik ýurduň ilatynyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Çünki bu ulgamda esasy ýörelgeler bolup, olar döwletimiziň adam mümkinçiliklerine uly ähmiýet berip, Il saglygy — ýurt baýlygy diýlen düşünje bilen kesgitlenilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän forum dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri, şol sanda görnükli alymlary hem-de lukmanlary bir ýere jemledi. Çäräniň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhuny artdyran döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan başlandy.

Dabarada myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri, daşary ýurtly saglygy goraýyş hünärmenleri boldular.Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy.

Milli Liderimiziň öz Gutlagynda belleýşi ýaly, 1995-nji ýylda Saglyk Döwlet maksatnamasyny kabul etmek bilen milli saglygy goraýyş ulgamynyň uzak möhletleýin ösüş ýollaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitledik.Geçen 24 ýylyň dowamynda bu maksatnamanyň tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň ýurdumyz dünýä derejesinde sagdynlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, ÝUNISEF-niň, ÝUNFPA-nyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar, bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli tejribäniň alşylmagy netijesinde, saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň kämil usullary netijeli ornaşdyrylýar.Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bularyň hemmesi bilen sergide tanyşdyrylyp, bu ýerde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň edaralary hem-de kärhanalary bilen bir hatarda, Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň iki ýüz onusy öz önümlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlaryndan başga-da, sergide öz harytlaryny ilkinji gezek kompaniýalaryň 21-si görkezdi.Sergi daşary ýurtly önüm öndürijileriň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň köpüsi üçin geljegi uly türkmen bazarynda ornaşmak baradaky mümkinçilikleriniň we hyýallarynyň beýany bolup durýar.

Lukmançylyk ylmynyň we işiniň gazananlarynyň sergisi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ähmiýetli çäre boldy.Bu sergi saglyk ulgamynyň täzelikleri, bu ulgamda öňdebaryjy usullar we hyzmatlar bilen tanyşmak üçin hünärmenlere mümkinçilik döretdi.

Giň gerimli sergi barlaghana we anyklaýyş enjamlary, lukmançylyk gurallary hem-de serişdeleri, optika hem-de oftalmologiýa, reanimasiýa, intensiw terapiýa we anesteziýa, enäniň hem-de çaganyň saglygyny goramak, stomatologiýa ugurlaryny öz içine alýar.

Bu ýerde Çaga iýmiti, Sagdyn iýmitlenmek, Düýe çaly we agaran, Kosmetologiýa, Surdologiýa, Simulýasiýa, Lukmançylygyň täze tehnologiýalary we sport lukmançylygy, Maşgala lukmançylygy we jemgyýetçilik saglygy, Ýokanç däl keseller, Bejeriş edaralarynyň ýeten sepgitleri boýunça täze ugurlaryň sergileri, ýokanç däl keseller boýunça maslahat beriş nokatlary gurnaldy. Şeýle üstünlikleriň hatarynda ýokanç keselleriň birnäçesi, şol sanda ýokanç deri, poliomielit, gyzdyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilmegi bar, bu halkara derejesinde hem ykrar edildi.

Dürli ýyllarda ýurdumyza gowşurylan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň güwänamalary türkmen lukmançylygynyň keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde hem-de duzy ýodlaşdyrmakda, uny demir we foli kislotasy bilen baýlaşdyrmakda gazanan üstünliklerine bilermenler jemgyýeti tarapyndan ýokary bahanyň berlendigine şaýatlyk edýär.

Sergi meýdançasynda maslahat beriş nokatlary işleýär, şolardan ol ýa-da beýleki keselleriň öňüni almak boýunça hünärmenleriň maslahatlaryny almak bolýar.Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz-nesihatçysy, bu babatda watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adam hakynda aladany, onuň saglygyny we abadançylygyny Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň hataryna çykardy. Şeýle mysallaryň biri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped günüdir, ol ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişi bilen bellenilýär.

Bütindünýä Saglyk güni bolşy ýaly, bu baýramçylyk hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň daşynda müňlerçe adamlary, ilkinji nobatda, ýaş nesli birleşdirýär. Şu sergide Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlarynyň — Koreýa Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalary öz üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.

Bu sergi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň barşynda özboluşly hasabat bolmak bilen, öz tejribesini, döwrebap innowasion tehnologiýalaryny we ýokary hilli enjamlaryny hödürläp biljek öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary hem-de ylmy merkezleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ädim bolar.

Serginiň çäklerinde täze neşiriň — ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öň ýanynda neşir edilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly işiniň 11-nji jildiniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Dünýäniň dürli dillerinde ençeme nusgalarda çap edilen dermanlyk ösümlik we halk tebipçilik ensiklopediýasynyň ozalky kitaplary millionlarça daşary ýurtly okyjylaryň baýlygyna öwrülip, türkmen halkynyň köpasyrlyk durmuş tejribesi we däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçiligi peşgeş berdi. Çünki bu iş diňe bir hünärmenleriň belli bir toparyna niýetlenen monografiýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistana oňat düşünmäge, tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan halky bolan bu bereketli ülkäni söýmäge ýardam edip biljek işidir.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri bolsa, ýurdumyzda dürli lukmançylyk ugurlarynyň hünärmenleri üçin gollanma bolup hyzmat edýär.Tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ylmy işi ýurdumyzyň diňe derman senagaty ylmyny däl-de, eýsem, dünýäniň fitoterapiýasyny ösdürmäge hem uly goşandyny goşdy.

Elbetde, täze neşir lukmançylyk işinde asyrlar dowam edip gelýän däpleri hem-de döwrebap innowasiýalary utgaşdyrmak bilen bir hatarda, tebigy çig maldan ýokary netijeli dermanlyk serişdelerini döretmek boýunça işe itergi berer.

Hut şu ýörelge Saglyk Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň esasynda goýuldy, onuň önümleriniň sanawynda ýüzlerçe görnüşi bolup, olar häzir dünýä ýüzündäki bäsdeşleri bilen mynasyp bäsleşip bilýärler.

Olaryň onlarça görnüşi ilat arasynda uly islegden peýdalanýan ýerli dermanlyk otlary, melhemlik ösümlikleriň kökleri we miweleri bolup durýar.Olaryň sanawy milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň derman senagaty işgärleri döwlet Baştutanymyzyň kitabyndan maglumatlary alyp, türkmen topragynda ösýän ösümliklerden täze dermanlyk serişdelerini işläp taýýarlaýarlar hem-de däri-dermanlary öndürmegiň möçberini artdyrýarlar.

Kitabyň 11-nji jildi milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesi bolup durýar, şeýle hem ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ynsanperwer hem-de ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek işine hyzmat eder diýip, dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bellediler.

Ilatyň saglygyny goramak meseleleri lukmançylyk ulgamyna degişli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik, döwlet hem-de şahsy ugurlaryň hataryna geçip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň merkezinde adamy, onuň abadançylygyny, mynasyp durmuş derejesini goýdy.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini lukmançylyk kömeginiň häzirki zaman ölçeglerine, ýurdumyzyň däpleriniň we gazananlarynyň dünýä tejribesi bilen utgaşmagyna, ilatyň saglygynyň goralmagyna toplumlaýyn çemeleşme bilen ugrukdyrýar.Bu meseleleriň hemmesi Saglyk — 2019 halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň ara alyp maslahatlaşmagyna çykaryldy, onuň umumy mejlisi günüň ikinji ýarymynda geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary başlanmazdan öň, dabaraly çäre — Milli immunizasiýa maksatnamasy arkaly ýurdumyzda çagalara sanjym etmegiň ýokary görkezijilerini goldamak ugrunda çykyş edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine ÝUNISEF-niň güwänamasyny gowşurmak dabarasy boldy. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Kristin Waýgand dabarada çykyş edip, Biz saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň ýadawsyz tagallalaryna ýokary baha berýäris, olar ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň we zenanlaryň zerur hajatlary üçin hyzmat edýärler diýip belledi hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. ÝUNISEF eýýäm 25 ýyl bäri Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar.

Biz saglygy goraýyş pudagynda hem ynamly hyzmatdaşlygymyza buýsanýarys, bu ugurda oňyn netijeleriň birnäçesini gazandyk diýip, wekil belledi.Hanym Waýgand ÝUNISEF-niň Saglyk Döwlet maksatnamasynda hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamasynda takyk beýan edilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyny goldaýandygyny aýtmak bilen, Türkmenistanyň dünýäde durnukly ösüşiň maksatlaryny kabul eden ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, şolara 2030-njy ýyla çenli ýetip biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejedäki Syýasy forumda DÖM-ni amala aşyrmak hakynda Meýletin milli hasabaty hödürledi. Çagalaryň, ýetginjekleriň hem-de zenanlaryň saglygy we abadançylygy DÖM ýetmekde möhüm şert bolup durýar diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili sözüni dowam etdi.

Ol bilermenleriň, şol sanda Nobel baýragynyň eýeleriniň baha bermegine görä, goýlan serişdeleriň özüni ödejek wezipeleriň birnäçesini mysal getirdi. Şolaryň biri çagalaryň sanjym edilmegini ýokarlandyrmak bolup durýar.Türkmenistanyň sanjym işine ygrarlylygy aýratyn hormata eýedir diýip, Kristin Waýgand ýurdumyzyň Hökümetiniň 2001-nji ýyldan başlap, ÝUNISEF-niň üsti bilen sanjymlaryň satyn alynmagyny doly maliýeleşdirýändigini hem-de sanjym işiniň ýokary derejesini saklamak üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edýändigini belledi.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow rotawirus hem-de pnewmokokko, A gepatit ýokanç kesellerine garşy ulanylýan sanjymlaryň täze görnüşleriniň üçüsini satyn almak üçin ABŞ-nyň goşmaça 17 million dollaryny goýbermegi tabşyrdy.

Biz bu taryhy waka gatnaşýandygymyza buýsanýarys, şunda Türkmenistan ösüşiň gün tertibiniň esasy güýji bolup çykyş edýär, ösüş, paýhas, innowasion hem-de ynsanperwer häsiýetlere eýe bolup durýar diýip, ÝUNISEF-niň wekili ýurdumyzda çagalara sanjym geçirmegiň ýokary görkezijilerini saklamakda öňdebaryjylyk üçin sylag gowşurdy.

Türkmenistanyň sanjym işine durnukly we yzygiderli maýa goýumlary — bu enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin anyk ädimlerdir. Ýurdumyzda poliomielitiň ýok edilmegi uly üstünlikleriň biri bolup durýar.Her ýyl bir ýaşa çenli çagalaryň 110 müňe golaýyna ýokanç kesellerden goramak üçin sanjym geçirilýär.

Halkara bilermenler tarapyndan geçirilen garaşsyz barlagyň netijeleri çagalara sanjym etmegiň 95 göterim derejede gurşalyp alnandygyna hem-de olaryň abadançylygynyň beýleki möhüm görkezijilerine şaýatlyk edýär.Munuň özi degişli meselelerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy erkiniň netijesi bolup durýar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy bahasy ABŞ-nyň 40 million dollaryndan gowrak möhüm waksinalary satyn almak barada özara düşünişmek hakynda bäş ýyllyk Ähtnama gol çekdiler.

Umumy baha öňki alty ýyllyk ylalaşyk bilen deňeşdireniňde iki esse artdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň maslahatlaryna hem-de usulyýet kömegine laýyklykda, sanjymlaryň milli senenamasyna her ýyl waksinalaryň täze görnüşleri girizilýär. Şeýlelikde, 2002-nji ýylda wirus gepatitine garşy sanjym girizildi. 2007-nji ýylda gyzamyk, gyzylja we hapgyrtma kesellerine garşy garylan waksina girizildi, 2010-njy ýylda täjihoraz, bürmek keseli, gökbogma hem-de B wirus gepatitine garşy, HIB ýokanç keseline garşy garylan waksina girizildi. 2016-njy ýylda adamyň wirusy bilen döreýän papilloma garşy waksina hem-de inaktiwirlenen poliomelit waksinasy girizildi. Ýakynda bolsa, hanym Waýgandyň belleýşi ýaly, täze waksinalaryň ýene-de üçüsini satyn almak üçin goşmaça serişde bölünip berildi.

Saglyk — 2019 halkara ylmy maslahatyň maksatnamasy iç keselleri, hirurgiýa, kosmetologiýa, kardiologiýa we kardiohirurgiýa, trawmatologiýa hem-de ortopediýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, onkologiýa, göz keselleri, stomatologiýa, saglyk çeşmesi ýaly tebigy serişdeleri, lukmançylygyň täze tehnologiýalary hem-de sport lukmançylygy, maşgala lukmançylygy we jemgyýetçilik saglygy, arassaçylyk hem-de epidemiologiýa ugurlary boýunça mejlisleri öz içine aldy. Şeýle hem serginiň işiniň çäklerinde lukmançylygyň dürli ugurlarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň işläp taýýarlan zatlarynyň, keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze usullary bilen tanyşdyryş dabaralary geçirilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Ysraýyl Döwletiniň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalara gol çekilmegi halkara forumyň birinji gününiň möhüm wakasy boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Akademik W.I.Kulakow adyndaky akuşerçilik, ginekologiýa we perinatologiýa milli lukmançylyk barlag merkeziniň federal döwlet býujet edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Saglygy goraýyş departamentiniň S.P.Botkin adyndaky şäher-kliniki hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň A.N.Bakulew adyndaky Ýürek-damar hirurgiýasy milli lukmançylyk barlag merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkezi hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň akademik G.A.Ilizarow adyndaky Dikeldiş trawmatologiýasy we ortopediýasy ylmy-merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Türkmenistanda lukmançylyk bilimi ulgamynda simulýasion tehnologiýalary ösdürmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk babatda 2019 — 2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy kabul edildi.Saglyk — 2019 forumynyň çärelerine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň ýakynda geçirilen XXIX maslahatyna gatnaşyjylar, şol sanda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara jemgyýetiniň, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC), GDA we Ýewraziýa ýurtlarynyň onkolog lukmanlar birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki zaman lukmançylygy meseleleri boýunça sergä we maslahata çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Germaniýadan gelen tejribeli hünärmenler hem bar.Bu dostlukly ýurt bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Häzir bu hyzmatdaşlyk öz miwelerini berýär: ikitaraplaýyn tejribe alşylmagy netijesinde, iş tejribesine keseli anyklamagyň, bejermegiň hem-de endoskopik kiçi inwaziw hirurgiýasynyň täze usullary ornaşdyryldy.Türkmen lukmanlarynyň hem-de olaryň GFR-niň öňdebaryjy klinikalaryndan hem-de uly bilermenler gullugyndan nemes kärdeşleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar we seminarlar yzygiderli geçirilýär. — Men Türkmenistana her gezek gelenimde, siziň ýurduňyzda bolup geçýän uly özgertmeleriň şaýady bolýaryn.

Men türkmen saglygy goraýyş ulgamynda bolup geçýän özgertmelere dahyllydygyma guwanýaryn — diýip, Augsburg şäheriniň interwension neýroradiologiýa klinikasynyň bölüm müdiri, Germaniýanyň interwension neýroradiologiýa Assosiasiýasynyň prezidenti, professor Ansgar Berlis belledi. — Biz Türkmenistanyň halkara lukmançylyk merkezleriniň müdiriýeti bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarys, bilelikdäki konsiliumlary, operasiýalary geçirýäris.

Halkara newrologiýa merkeziniň lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.Türkmen kärdeşlerimizi Augsburgyň klinikasyna çagyrýarys, tejribe alyşýarys, şol sanda meniň hünärim boýunça — insultyň döremeginiň öňüni almak boýunça operasiýalar geçirmek babatda tejribe alyşýarys.

Siziň ýurduňyzyň lukmanlary bilen paýlaşýan bilimlerimiň olara işinde goldaw boljakdygyna hem-de adamlaryň saglygy üçin peýda getirjekdigine umyt edýärin.Professor Soheýl Noahtar Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshadern saglygy goraýyş merkeziniň epileptolog lukmany:

— Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn.Siziň ýurduňyz mende ýakymly täsir galdyrdy.Aýratyn-da, Halkara newrologiýa merkezinde döredilen epileptologiýa bölümi uly täsir döretdi.Men anyklamagyň döwrebap usullaryny, her bir hassa bejerilende, aýratyn çemeleşmäni ulanmaga mümkinçilik berýän bölümiň ajaýyp üpjünçiligine ýokary baha berýärin.

Häzirki wagtda biz Halkara newrologiýa merkeziniň lukmanlary bilen bilelikde hassalaryň birnäçesine gözegçilik edýäris, olary bejermegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşýarys.Biz şu maslahatyň barşynda epileptologiýanyň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk.

Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian uniwersiteti eýýäm birnäçe ýyl bäri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýär.Bu bolsa ýaş türkmen lukmanlaryna hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de biziň hassahanalarymyzda täze tejribe almaga uly mümkinçilik döredýär.

Saglyk — 2019 sergisi we maslahaty 22-nji iýulda-da öz işini dowam eder.Daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna baryp görerler, olaryň işiniň ugurlary, ylmy-barlag işleriniň tematikasy bilen tanşarlar, hünär meselesi boýunça pikir alşarlar. 21-nji iýulda agşam foruma gatnaşyjylar Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Aşgabat medeni-dynç alyş merkezinde sungat ussatlarynyň we tans toparlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde türkmen lukmanlaryny sylaglamak dabarasy boldy, olara Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň halk lukmany diýen hormatly at dakyldy.

Ýene degişli makalalar

20.07.2019 | Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi
Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy
Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler
Täze bäş görnüşi tapyldy
Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy