Türkmen usulyndaky genosid “Gündogar”

Azat Rejebow

Гундогар

Türkmenistanda ortaça erkek pensiýa ýaşyna ýetip-ýetmän aradan çykýar, bu özüniň sosial ugry saýlap alandygyny jar eden döwlet üçin masgaraçylyk…

Türkmenistan özüni özboluşly, öz raýatlary hakynda atalyk aladasyny edýän döwlet hökmünde mazamlap, ilatyň sosial-durmuş abadançylygy, dürli derejelerde gazanylan “görlüp-eşidilmedik” üstünlikler hakynda yzygiderli maglumat berýär. Şol bir wagtda hiç bir fakt, san görkezmeýär.

Düýpden hiç bir statistika aýdylmaýar we hemme zat diňe Arkadagyň “parasatly” başlangyçlary baradaky dabaraly tassyklamalara syrykdyrylýar.Mundan-da beteride, şu ýyl bu ýurt ilata hojalygynda ulanýan gazyny, toguny we suwuny mugt ýa ýeňillikli bahadan bermek baradaky programmany ýatyrmak kararyna geldi, ýogsa häkimiýetler uzak ýyllaryň dowamynda çem gelen ýerde hut şu ýeňillikleri dillerine çolap, öwnüp gelipdiler.

Hakykat ýüzünde režime köpsanly, sypaýyçylykly aýdylanda, netijeliligi örän gümürtik görünýän gurluşyk proýektlerine, pul ýuwmagyň ägirt uly mümkinçiliginiň bar ýerine maýa ýatyrmak has bähbitli.Mysal üçin, Aşgabatdaky täze halkara uçar menziliniň gurluşygyna 2,3 milliard ABŞ dollary harçlandy we käbir maglumatlara görä, bu desga eýýäm, bejergi talap edýär.

Aşgabatdaky olimpiýa obasyna 5 milliard dollardan gowrak serişde harçlandy. “Awaza” milli syýahatçylyk zonasyna býujetden 3 millard dollardan gowrak serişde gönükdirildi.Golaýda bolsa, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň 2 milliard çemesi dollara düşjekdigi yglan edildi.

Şol bir wagtda, BSG-nyň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň režimi, mysal üçin, inçekeseliň diagnostikasyna we bejergisine serişde harçlamagy ileri tutulýan mesele hasaplamaýar.Netijede, 2017-nji ýylda ýurtda inçekesele garşy göreş bilen bagly çäreleriň ählisi halkara hyzmatdaşlary tarapyndan maliýeleşdirildi.

Bu işe Türkmenistanyň döwlet býujetinden maliýe serişdeleri bölünip berilmedi. Ýaňy-ýakynda çykan metbugat habarlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň belli bir bölegine ýeňillikli bahadan berilýän dermanlaryň sanawynda 300 derman bolan bolsa, indi bu dermanlar 85-e çenli azaldyldy.

Emma kaşaň we göz gamaşdyryjy gurluşyklar doly güýjünde dowam etdirilýär.

Elbetde, şonuň bilen bir wagtda medisina desgalary hem gurulýar.Emma, olarda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi barada öwgüli zat aýtmak kyn.Bu ýagdaý raýatlaryň mynasyp medisina hyzmatyny almak hukuklarynyň gödek we yzygiderli bozulmagyna getirýär. Ýurt bu pudakda kadrlaryň hroniki geldi-geçerliginden hünärli medisina işgärleriniň ýiti ýetmezçilgine geçdi.

Munuň üstesine, habar bermeklerine görä, käbir keselhanalarda gymmat bahaly medisina enjamlary käte üsti örtgüli durýar: käbir hassahanalarda spesialist ýok, beýlekilerinde ýolbaşçylar ol enjamlaryň ulanylyp köneldilmeginden çekinýärler.

Türkmenistandan berilýän habarlara görä, ýerli lukmanlar iş bilmezlik zerarly näsaglara ýalňyş diagnoz goýmak we nädogry em etmek bilen, derdine derman gözläp gelen adamlary köplenç bir-birinden agyr ýagdaýa salýarlar.

Bu ýagdaýa düşmejek bolup, müňlerçe ýaşaýjy her ýyl bar-ýoguny harçlap, daşary ýurtlardaky keselhanalardan delalat gözleýär. Ýurtda bireýýämden bäri Eýrana, Türkiýä, Orsýete, Hindistana, Ermenistana, Germaniýa we beýleki ýurtlara “saglyk turizmi” diýilýän ýola goýlan.

Emma, gynançly ýeri, ilatyň aglaba böleginiň daşary ýurtlara saglygyny bejertmäge gitmek üçin serişdesi ýok.Türkmenistanda garrylyga ýetmän ölüp gidýän adamlar-da az däl, gartaşan, ýaşy bir çene baran adamlar bolsa, wagtynda ýokary hilli medisina kömegi alyp bilmän ölýärler. Ýurtda ömrüň garaşylýan ortaça uzaklygy, aýratynam erkekleriň arasynda, eýýäm, iş ýüzünde pensiýa ýaşyna deňleşdi. Ýagny Türkmenistanda ortaça erkek pensiýa ýaşyna ýetip-ýetmän aradan çykýar.

Bu özüniň sosial ugry saýlap alandygyny jar eden döwlet üçin masgaraçylyk.

Pensionerler we zähmet mümkinçiligi çäkli bolan beýleki kategoriýadaky adamlar barada aýdylanda, bu ýerde hem genosidiň başga bir görnüşini pensiýalaryň we kömek pullarynyň kemeldilmegini ýa düýpden kesilmegini görse bolýar. Ýurduň ilatynyň köpüsi sosial-durmuş goragy hukugyndan mahrum.

Munuň üstesine, başga ýurtlara hemişelik ýaşamaga giden müňlerçe adam Aşgabatdan özlerine sosial tölegleriň edilmegi üçin zerur bolan degişli dokumentlerini alyp bilemýärler.

Türkmenistanda pensiýa, eger berilýän halatynda hem, minimal, iň pes derejede berilýär. Özem bu karar dürli bahanalar, mysal üçin, dokumentler tapgyrynyň doly däldigi bilen delillendirilýär.Pensiýa aljak bolýan adam onlarça instansiýa aýlanmaly, özüni kiçeltmeli we ol ýa-da beýleki sprawkany tapmagy haýyş edip ýalbarmaly, ýogsa kanunda degişli gulluklar zerur bolan dokumentleri ilkinji gezek talap edileninden bermäge borçly diýlip ýazylan.

“Azatlyk” radiosynyň žurnalisti Soltan Açylowanyň sözlerine görä, režim peýdasyz desgalara milliardlap dollar harçlaýar, emma aýlyklary we pensiýalary wagtynda töläp bilmeýär. “Pensiýalar barada aýdylanda, emeldarlar halys azdylar… Maňa, hamala, arhiwde dokumentleriň ýitirilendigi sebäpli, ujypsyz pensiýa töleýärler. (Men muňa örän şübhelenýärin), ýöne bu hatda şeýle bolaýanlygynda hem, men arhiwde işlemeýärin we ol dokumentleri men ýitirmedim, bu şol ýerde işleýänleriň günäsi, emma maňa iň pes pensiýa bellediler.

Meniň köp sanly arza-şikaýatlarymdan netije bolmady. Ýurtda görnüşinden ombudsmen/adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bar, emma iş ýüzünde bu diňe nominal wezipe.“

“Maňa mälim bolmagyna görä, meniňki ýaly ýagdaýa salnan müňlerçe adam bar. Olar hem tölegiň ýokarlandyrylmagyny ýa ujypsyz pensiýa möçberine gaýtadan seredilmegini gazanyp bilmeýärler. Döwlet hakyky iş bilen meşgullanmaga derek gije-gündiz ýönekeý adamlary yzarlaýan ýörite gulluklary maliýeleşdirmek bilen, puly ýele sowurýar. Meni yzarlamak üçin, olara “haram” pul töläp, giden goşuny ulanýarlar.”

Rus-türkmen goşa raýatlygy bolanlar hem şu hili ýagdaýlary başdan geçirýärler.Türkmenistanly hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa dört ýyl bäri Türkmenistanyň zerur bolan degişli dokumentleri bermek baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini gazanmaga çalyşýar.

Başda Türkmenistan resmi talaplara jogap bermän, birnäçe ýyllap dymdy.Haçanda, T.Begmedowa Orsýetiň degişli edaralaryna, prezident diwanyna çenli ýüz tutandan soň, Türkmenistan bilkastdan esasy maglumaty ýaşyryp, diňe birnäçe sprawkany bermek bilen çäklendi.

Adatda bolşy ýaly, türkmen emeldarlary bu hereketlerine hiç bir düşündiriş bermediler. Ýogsam bolmasa, iki ýurt hökümetara ylalaşyklara gol çekdi.

Awtora Türkmenistanyň Zähmet we durmuş goragy ministrliginiň işgäri bilen anonim şertlerde gürleşmek başartdy: “T.Begmedowanyň dokumentleriniň doly paketi eýýäm birnäçe ýyl bäri biziň ýolbaşçymyzyň stolunda ýatyr. Emma, başlyk olaryň berilmegine ýol bermeýär, sebäbi ýokardan şeýle görkezme alyndy” diýip, ol habar berdi.

Türkmenistandan çykan we daşary ýurtlarda ýaşamaga mejbur bolan beýleki dissidentler hem şunuň ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Resmi Türkmenistan ähli güýç-kuwwatyny awtoritarizmi berkitmäge gönükdirip, öz Konstitusiýasyny, halkara ylalaşyklaryny görmezlige salýar. Emeldarlaryň bikanun hereketleri ilatyň doly bahaly diagnostika, bejergi almagyna, mynasyp garrylyk bilen üpjün edilmegine ýol bermeýär. Eýsem, bu geljekde Arkadagyň ady bilen atlandyryljak özboluşly genosid bolmaýarmy?

Genosid (genocide) adamlaryň uly toparyny, hususan-da belli bir milleti ýa etniki topary bilkastdan öldürmegi aňladýar (Redaktoryň belligi.).

Ýene degişli makalalar

Begmedowa: Biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize goldaw bermeli
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Diňle: Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi
Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi
THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar