Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi

Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen Daşky gurşaw meseleleri boýunça köpçüligiň öňünde çykyş etmek boýunça 23-nji halkara bäsleşiginde (23rd Inter College Environmental Public Speaking Competition) Türkmenistana üstünlikli wekilçilik etdi.

Uniwersitetiň Halkara ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Dawut Gurbanalyýewyň, Pirmuhammet Azadowyň, Maral Allaberdiýewanyň, Şabibi Nurlyýewanyň, Agaýusup Aşyrowyň we olaryň halypasy — Menejment kafedrasynyň öwreniji mugallymy Agajan Şasaparowyň topary Ösýän energiýa zerurlyklary: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini üpjün etmek ýa-da nebite garaşlylyk kategoriýasynda ikinji orny eýeledi. Ýigitlere ýörite diplom gowşuryldy diýip, Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän Daşky gurşaw meseleleri boýunça köpçüligiň öňünde çykyş etmek bäsleşigi her ýyl Emirates environmental Group (EEG) topary tarapyndan guralýar.

Bu gezekki bäsleşige Jemi dünýäniň 89 ýokary okuw mekdebinden 500 töweregi talyp gatnaşdy.

Bäsleşik toparlaýyn tertipde we garyşyk görnüşde, Daşky gurşaw syýasaty we düzgünleşdirme: olar ýeterlikmi?, Ösýän energiýa zerurlyklary: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini üpjün etmek ýa-da nebite garaşlylyk, Köpmilletli korporasiýalar: ynandyryjy ykdysady ösüş ýa-da daşky gurşawyň zaýalanmagy we Mikroplastika: görünmeýän kesel atly mowzuklar boýunça geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýelediler
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe iri taslamalary özünde jemleýär