Media berk gözegçilik edýän Türkmenistan telewideniýede pornografik, şeýle-de “ýaramaz endikleri höweslendirýän” maglumatlary efire bermegi gadagan edýän Kanuny kabul etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň “dünýädäki abraýynyň artmagyna ýardam etjekdigi” aýdylýan bu baradaky dokumente geçen hepdäniň aýagynda, ýagny 13-nji ýanwarda gol goýdy.
Telewideniýe we radiogepleşikler hakyndaky täze Kanuna laýylykda, ýurduň teleradioýaýlymlarynyň hepdelik möçberiniň azyndan 50 göterimini ýurduň teleradioönümleriniň toplumlary (teleradiogepleşikleri) we türkmen awtorlarynyň ýa-da ýerine ýetirijileriniň saz eserleri düzmelidir.
Şeýle-de, dokumentde pornografik we ýörite jynsy-erotik häsiýetli teleradioönümleriň toplumlarynyň ýaýlyma çykmagy, şeýle hem kino we wideoönümleriniň görkezilmegi, rehimsizlik we zorluk ynançlarynyň wagyz edilmegi gadagan edilýär.
Emma Kanunda efire berilmegi gadagan edilýän “ýaramaz endikleri höweslendirýän” maglumatlar aýdyňlaşdyrylmaýar; şeýle-de “pornografik” we “jynsy-erotik” maglumatlaryň nähili seljeriljekdigi-de takyklaşdyrylmaýar.
Ýeri gelende bellesek, iş ýüzünde türkmen häkimiýetleri ýurduň telewideniýesinde görkezilýän daşary ýurt kinofilmlerindäki jynsy sahnalary redaktirlemek’, kesmek tejribesini has öňräkden bäri ulanyp gelýärler.
Kanunda ýurduň döwlet teleradioguramalarynyň esasy wezipeleriniň biri “Türkmenistanyň halkara aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde onuň abraýynyň artmagyna ýardam etmek” diýlip kesgitlenipdir.
Bu aralykda, Türkmenistan media erkinligine gözegçilik edýän halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip gelinýär; “Serhetsiz reportýorlar” guramasy bolsa, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Internetiň ganym duşmany” diýip atlandyrdy.
Türkmenistanyň metbugat hakyndaky kanunynda senzuranyň gadagan edilýändigine garamazdan, türkmen prezidenti hökümet mejlislerinde žurnalistleriň we çeper döredijilik wekilleriniň wezipesiniň ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri “giň beýan etmekden ybaratdygyny” gaýta-gaýta ýatladyp durýar. Döwlet mediasynda görkezilýän tas ähli reportažlarda diýen ýaly Berdimuhamedow dabaralanyp, oňa alkyşlar okalýar.
Şeýle-de, metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary kanun esasynda öz esaslandyryjylary tarapyndan wezipä bellenip-aýrylmaly ýa saýlanmaly diýilse-de, prezident tarapyndan işe bellenilýär we aýrylýar. Emma muňa garamazdan, türkmen lideri döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ýolbaşçylaryndan, ýagny öz bellän kadrlarynyň işinden hemişe nägile bolýar.
Mundanam başga, häkimiýet daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, graždan aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga gaýrat tapýanlary yzarlamagyny we olara basyş etmegini dowam etdirýär. Resmiler ilatyň alternatiw habarlary almak üçin ulanan hemra antennalaryny aýyrmak boýunça hem kampaniýany başlatdylar.
Ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagynda galýar.
Şol bir wagtda, türkmen resmileri Türkmenistanda informasion Internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edip, diňe “pornografiýa maksatly” diýip, häsiýetlendiren saýtlaryna girişleriň ýapylýandygyny öňe sürýärler.