Türkmen TW-si ýene 'para alan', aglap toba edýän tussaglary görkezdi

Türkmen TW-si ýene 'para alan', aglap toba edýän   tussaglary görkezdi

Türkmen telewideniýesi ýene "jenaýat etmekde" aýyplanan we iş kesilendigi aýdylýan, eden işine aglap toba edýän öňki emeldarlary görkezdi.

9-njy oktýabrda eli gandally görkezilen adamlaryň köpüsi ýurduň bilim pudagynda dürli wezipelerde işläp, para almakda günäli tapylypdyr.

Bu gezekki toba sahnalary hem, adatça bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren hökümet mejlisinden soň efire berildi.

Döwlet baştutany mejlisiň başynda kadrlar meselesine serediljekdigini aýdyp, ozaly Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Durdyly Durdylyýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşatdy.

Durdylyýew bu wezipä şu ýylyň başynda bellenilip, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylypdy.

"Gidiberiň" diýlen baş gözegçiniň wezipesi bu edarada orunbasar bolup işlän Rejep Çarygulyýwiň üstüne ýüklendi.

Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew mejlisde medeniýet we bilim ulgamlarynyň edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasaba berdi.

Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň müdiri bolup işlän Gylyç Seýitnepesowyň jenaýatçylykly hereketlere baş goşandygy ýüze çykaryldy; Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary bolup işlän Merdan Gowşudowyň uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy diýip, TDH Atdaýewe salgylanyp habar berdi.

Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň müdiri wezipesinde işlän Kakamyrat Mämmedow, Ahal welaýat baş bilim müdirliginiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Orazberdi Allaberdiýew, Balkan welaýat baş bilim müdirliginiň Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Nepesdurdy Gurbanow; Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň müdiri Nurgeldi Gylyjow; Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň Dänew etrabynyň bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Agajan Möwlamberdiýew; Mary welaýat baş bilim müdirliginiň Wekilbazar etrap bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Akmyrat Gurbanberdiýew; Baýramaly etap bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän Kakamyrat Begnepesow dagy hem wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, para alyp gelipdir diýip, hasabatda aýdylýar.

Bu adamlaryň ählisine kanun boýunça iş gozgalandygy we degişli jeza çäresiniň bellenendigi, 10-15 ýyl aralygynda ýyl kesilendigi aýdylýar, ýöne derňewiň haçan geçirilendigi, sud seljerişlikleriniň haçan we nirede bolandygy aýdylmaýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory bolup işlän Sülgün Ataýewa bolsa, 12 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň birnäçe jaýy, kafeleri we edara binalary, awtoulaglary döwletiň haýryna geçirildi diýip, habarda aýdylýar.

Berdimuhamedow bu hasabatdan soň ýurduň bilim ministri P.Agamyradowy wise-premýer wezipesinden boşatdy.

Bilim pudagynda geçirilen derňewleriň netijeleriniň yglan edilmegi Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň işden aýrylmagynyň, Döwlet serhet gullugynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlyklaryna käýinç berilmeginiň, "Dayhanbank" döwlet bankynyň başlygynyň orunbasary Yslam Artykowyň işinden aýrylmagyny yz ýanyna gabat geldi.

Bulardan başga, 8-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Akjagül Dowwaýewa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Maýagözel Ýollyýewa wezipesinden boşadyldy.

Emma nobatdaky kadr çalyşmalarynyň we ýokary derejeli resmilere berlen käýinçleriň anyk sebäpleri aýdylmaýar.

Türkmenistanda eli gandally, kameranyň öňünde eden jenaýatyny boýun alýan we toba edýän öňki emeldarlary telewideniýede görkezmek tasdan adaty ýagdaýa öwrüldi. Synçylar munuň hakykatda ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň öňüniň alynmagyna kän peýdasynyň ýokdugyny, sebäbi wezipeli adamlary parahorluga itekleýän şertleriň üýtgewsiz saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
08.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda