Türkmen türmesinde ölen žurnalistiň  işi BMG-niň gözegçiliginde saklanýar

Türkmen türmesinde ölen žurnalistiň  işi BMG-niň gözegçiliginde saklanýar

Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän wagtynda tussag edilen we türkmen türmesinde gümürtik ýagdaýda ýogalan Ogulsapar Myradowanyň işi BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň gözegçiliginde saklanýar diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

Gaznanyň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylmagyna görä, Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň goşmaça protokolyna laýyklykda, BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň edarasy Türkmen Helsinki gaznasynyň Annadurdy Hajyýewiň we Oguslapar Myradowanyň adyndan 2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda iberen görkezmesini alandygyny tassyk etdi.

Şeýle-de, ejir çekenleriň adyndan ýazylan hatyň bir nusgasynyň 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistana iberilendigi aýdylýar.

Habardan görnüşine görä, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygy Türkmenistanyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyna çenli, Komitetiň 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde kabul eden garaýyşlaryna laýyklykda, Ogulsapar Myradowanyň işi boýunça şu wagta çenli jogapsyz galýan soraglara jogap we düşündiriş bermegini soraýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy we adam hukuklary aktiwisti Ogulsapar Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda türkmen türmesinde hiç wagt açyk-aýdyň edilmedik ýagdaýda aradan çykdy.

Onuň maşgalasyna berlen jesedinde, hossarlarynyň tassyklamagyna görä, görnetin zorluk alamatlary bardy.

Adam hukuklaryny goraýjylar we halkara guramalary, bu waka bolananyndan kän wagt gäçmänkä, žurnalistiň ölümi boýunça töwerekleýin derňew geçirilmegini talap etdiler, ýöne bu talap hiç wagt amala aşyrylmady.

BMG-niň Adam hukuklary komiteti 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň hökümetini Myradowanyň ýaşamaga bolan hukugynyň bozulmagynda jogapkär hasaplaýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy
'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
Hukuk goraýjylar zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Kanun goraýjylar neşe gaçakçylygynda güman edilip, tussag edilen adamy urup öldürmekde aýyplanýar