“Olary diri görkeziň” kampaniýasy Türkmenistandaky zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalary barada täze maglumatlary aýan etdi we ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygyny, zorlukly ýitirim edilmeleriň täze tolkunynyň başlanandygyny habar berdi.
Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş boýunça we ondan öň hem soň onlarça adam uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Şol bir wagtda türkmen kanunçylygy, şeýle-de Türkmenistanyň gol çeken halkara şertnamalary, eden jenaýatyna garamazdan, hiç bir tussagy beýle uzak waglap maşgalasyndan, daşary dünýäden üzňelikde saklamaga rugsat bermeýär.
Hukuk goraýjylar koalisiýasy 12-nji sentýabrda, ÝHHG-nyň Warşawada, adamkärçilik ölçegleri babatdaky borçnamalaryň ýerine ýetirilişine bagyşlap geçirýän ýyllyk maslahatynyň çäginde brifing gurnady diýip, “Gündogar” habar saýty habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilenler barada täze maglumatlar, şol sanda pidalaryň täzelenen sanawy barada habar berildi.
Aýdylmagyna görä, mundan öňki maglumatlarda dokumentleşdirilen pidalaryň sany 88 bolan bolsa, indi bu san 112-ä ýetipdir. Şeýle-de, täze tapylan maglumatlara görä, daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýan tussaglaryň şu geçen döwürde azyndan 23 sanysynyň türmede ýogalandygy aýdylýar.
Şeýlelikde, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň alyp barýan hysyrdyly işiniň çäginde, şu wagta çenli giň jemgyýetçilige mälim bolmadyk adamlaryň atlary anyklandy” diýip, habarda aýdylýar.
Ýagdaý agyrlaşýar. Adamlar ölýärler we barha kän adam ýitirim bolýar. Köp adam gazaply tussaglyk şertlerine tap getiripbilmeýär” diýip, Russiýanyň Demokratik ösüş we adam hukuklary merkeziniň prezidenti Ýuriý Jibladze aýdýar.
Hukuk goraýjylaryň bellemeklerine görä, jeza öýlerindäki zorlukly ýitirim edilmeler Türkmenistanda adam hukuklarynyň iň ýiti meselesi bolup durýar. Jezanyň bu görnüşi 2001-nji ýyldan, haçanda ozalky hökümet agzalary we güýç gulluklarynyň işgärleri, häkimiýetleriň pikiriçe Türkmenistandaky awtoritar režime howp salýan adamlar azatlykdan mahrum edilip başlananda giňden ulanylmaga başlandy diýip, habarda aýdylýar.
“Häkimiýetler şu güne çenli hem türmelerde syýasy sebäpden ýyl kesilen adamlaryň bardygyny inkär edýän-de bolsa, hut şu tussaglaryň daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanmagy, olar barada garyndaşlaryna hem, halkara gurmalarynyň wekillerine hem maglumat berilmezligi bu adamlara bildirilen günäleriň syýasy äheňlidigine subutnama bolup durýar” diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.
Şeýle-de hukuk goraýjylar 2016-njy ýylda adamlary sud-soragsyz tussag etmegiň täze tolkunynyň başlanandygyny, şol sanda dini aýyplamalar esasynda tutulýan adamlaryň hem köpelendigini belleýärler. Döwlet tarapyndan hasaba alynmadyk dini guramalaryň ýanalmagy, türk ruhanysy Fethulla Gülen bilen ilteşiklilikde güman edilýänleriň, şeýle-de radikal yslamyň, wahhabizm hereketiniň tarapdarlarynyň tussag edilmegi bu aýdylýana delil edilip görkezilýär.
“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň wekillerinden başga, brifinge Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa, tussaglaryň ýakyn garyndaşlary Umyt Uljabaýew, Darýa Atdaýewa, ozalky tussag Geldi Kärizow, şeýle-de dürli ýyllarda, häkimiýetleriň syýasaty bilen ylalaşman we öz janyna howp abanandygy sebäpli Türkmenistandan çykan beýleki adamlar gatnaşdy.
Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň hökümetinden bikanun we adamkärçilige sygmaýan jeza çäresini, adamlary zorlukly ýitirim etmek praktikasyny bes etmegi, tussaglaryň halkara we içerki kanunçylyk normalary esasynda öz maşgalalary we degişli halkara gurmalary bilenhabarlaşmagyna kepillik bermegi talap etdiler.
Şeýle-de hukuk goraýjylar halkara guramalarynyň, ÝHHG-a gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň basgylanmagyna garşy has gujurly gatyşmagynyň zerurdygyny aýtdylar.