Türkmen-Türk Işewürler Geňeşi türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugratmagy maslahatlaşdy

Türkmen-Türk Işewürler Geňeşi türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugratmagy maslahatlaşdy

Türkmenistan-Türkiýe Işewürler Geňeşiniň penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 2-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň möhüm eksport önümleriniň hataryna girýän nebit we tebigy gaz önümleriniň satuw kanallaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen 2021-nji ýylda Stambul şäherinde forum guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň “TRT AVAZ” döwlet teleýaýlymynyň habar berşine görä, onlaýn mejlise türk tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) başlygy Nail Olpak, Türkmenistan-Türkiýe Işewürler Geňeşiniň başlygy Halil Awjy, Türkmen-Türk bankynyň baş müdiri Kazim Gundogar hem-de birnäçe işewürler gatnaşdylar.

Şeýle hem, türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, Türkmenistanyñ Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Geňeşiniň dolandyryş guramasynyň agzasy Täçmyrat Gurdow gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan üçtaraplaýyn mehanizm ulanylyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň tebigy gaz çeşmelerini Türkiýä we Ýewropa ugratmak ugrundaky işlere goldaw berip biljekdiklerini nygtadylar.

Mundan başga-da, Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara 6-njy Ykdysady Komissiýanyň gün tertibine hödürlenjek meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan-Türkiýe Işewürler geňeşi Türkiýäniň orta we kiçi telekeçilik babatda gazanan üstünlikleriniň we tejribesiniň Türkmenistan bilen paýlaşmagy ýaly ugurlarda işleri alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türk we Türkmen Işewürleriniň Maslahaty Geçirildi
Türk we Türkmen Işewürleriniň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabada sapar bilen geler
Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geler