Türkmen türgenleri Ýüpek ýoly halkara rallisine gatnaşýar

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Ýüpek ýoly rallisi başlanýar. Düýn Tatarystanyň sebitlerinde geçirilen synag ýörişleri halkara rallisine gatnaşyjylara öz tehnikalaryny we başlamaga taýýarlyklaryny synamaga mümkinçilik berdi.

Ertir — 6-njy iýulda Tatarystanyň Müňýyllyk meýdanynda ralliniň açylyş dabarasy geçiriler. Şeýlelikde, ýaryşa gatnaşýan 98 ekipaž ýeňiş üçin 5241 kilometrlik menzili külterlemeli bolar. Şonuň 2277-si tizlikde geçilmeli böleklerdir.

Bu ralliniň 9 tapgyrda geçjekdigi ýaryşyň resmi web-saýtynda görkezilýär. Ýaryşyň ýol ugry Russiýa Federasiýasynyň 13 sebitiniň çäginden geçer. Ýüpek ýoly rallisi Moskwada tamamlanar.

Halkara rallisinde türkmen ekipažlaryndan ajaýyp netijelere garaşylýar. Geçen ýylky ýaryşdaky şowly netijeleri olardan uly üstünliklere garaşmaga esasdyr. Ýaryşyň resmi web-saýtynda şol ýerde çykyş etjek türkmen türgenlerinden Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew, Şamyrat we Muhammet Gurbanowlar, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler görkezilýär.

Aslynda bu ýaryşyň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat aralygynda geçen Ýüpek ýoly rallisinden alyp gaýdýandygyny bellemelidiris.

Bu barada awtoulag.gov.tm habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Ýüpek ýoly: sekiz tapgyrdan soň türkmen toparlary öňde barýar
Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy