Türkmen türgenleri Türkiýede geçiriljek iki sany iri ýaryşa gatnaşar

Türkmen türgenleri Türkiýede geçiriljek iki sany iri ýaryşa gatnaşar

Türk şäheri Samsun 21-30-njy sentýabr aralygynda FISU-yň (Uniwersitet sportynyň halkara federasiýasynyň) howandarlygy astynda geçiriljek Talyplaryň arasynda başa-baş söweş boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary kabul eder.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 52 türgen-talyp, şeýle hem ýurdumyzdan 12 tälimçi sambo, taý boks, karate, uşu we grek-rim göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.Samsundaky ýaryşlaryň açylyşyndan bir hepde geçensoň, Türkiýe Respublikasynyň başga bir şäherinde - Iznikde Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlary geçiriler. 29-njy sentýabrda oýunlaryň açylyş dabarasyna ýüzden gowrak ýurtdan üç müňden köpräk türgen gatnaşar.

Sportuň kyrkdan gowrak görnüşi boýunça güýçlüleri öňe saýlamak meýilleşdirilýär. Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan 40 türgen guşakly göreş, gazak göreşi, kuraş göreşi, ýaýdan ok atmak, şeýle-de, milli sport oýunlary boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Çarwadarlaryň oýunlarynda guşakly göreş boýunça ýaryşa iň köp wekil Türkmenistandan gatnaşar.

Türkiýäniň Bursa welaýatyna bu başa-baş göreşiň 25 sany türkmen ussady geler.Iznikdäki Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 2-nji oktýabrda geçer.

Ýene degişli makalalar

"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi
Türkiýede Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna badalga berilýär
Bütindünýä Çarwa Oýunlary Başlaýar
Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar
IV Bütindünýä Çarwa oýunlary Iznikde geçiriler