Türkmen türgenleri Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmen türgenleri Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanly türgenler jahanyň çar ýanyndan gelen beýleki türgenler bilen bilelikde Pariž şäherinde geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar. Olaryň sport dört görnüşi ― dzýudo, ýeňil atletika, suwda ýüzmek we agyr atletika boýunça ýaryşlara gatnaşandygyny ýatladýarys.

Oýunlaryň ýapylyş dabarasy birnäçe aýratynlyklary bilen ýatda galdy. Olimpiýa alawy Ýer ýüzüniň bäş yklymyna wekilçilik edýän türgenler bilen bilelikde, migrant türgenler we Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah tarapyndan söndürildi. Golliwudyň ýyldyzy Tom Kruz bolsa stadionyň üçeginden ýörite baglanan ýüpi bilen aşak inip, 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny kabul etjek Los Anželes şäheriniň adyndan Olimpiýa baýdagyny kabul edip aldy.

Oýunlarda türkmen türgenlerinden agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew 102 kilograma çenli agram derejesinde 370 kilogramlyk netije gazanyp, öz agram derejesindäki iň güýçli türgenleriň ilkinji 10-lugyna girdi. Dzýudoçylar Serdar Rahymow bilen Maýsa Pardaýewa bolsa ýaryşda çärýekfinalyň bosagasyndan gaýtdy.

Suwda ýüzüjiler Musa Žalaýew bilen Aýnura Primowa 100 metr aralyga erkin we arkanlygyna ýüzmekde garaşylanyndan pes netije görkezdiler. Ýeňil atletikaçy Walentina Meredowa hem 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşda ýarymfinala çykyp bilmedi. Ýöne ol özi üçin möwsümiň iň ýokary netijesini gazandy (11,95 sekunt).

Indi türkmen ýygyndysy Pariž ― 2024 Olimpiýa oýunlarynyň netijelerini seljerip, 2028-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görerler.

Ýene degişli makalalar

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çykyşlarynyň tertibi
Pariž-2024: türkmen dzýudoçylarynyň garşydaşlary belli boldy
17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy dünýäniň täzelenen reýtingindäki ýerini bildi
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Türkmenistanly žurnalistler Serhetsiz Hazar bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular, Altyn Asyr we Merw AFK kubogynda çykyşlaryna başlaýarlar we beýleki habarlar
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal