Gresiýanyň Iraklion şäherinde tamamlanan jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 5 altyn, 5 kümüş we 8 bürünç medal gazandylar.
Ýaryşa 58 ýurtdan 900-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda 52 türgen bilen wekilçilik edip, kontakt görnüşinde 16 medal, kombat görnüşinde bolsa iki medal gazandy.
Altyn medallary Türkmenistanyň ýygyndysynda kontakt görnüşi boýunça: Aminat Guwanjowa (45 kg agram derejesi), Hurma Abdyýewa (48 kg), Ogulşat Nurmedowa (70 kg-dan ýokary), Yslam Öwezow (62 kg), kombat görnüşinde Gudrat Esenow (62 kg) gazandylar.
Kümüş medallary kontakt görnüşinde: Aýnur Gullyýewa (48 kg), Marýam Wafaýewa (63 kg), Oguldursun Azymowa (52 kg), Güljan Nurgeldiýewa (70 kg), Soltanmyrat Nuryýew (56 kg) gazandylar.
Bürünç medallary kontakt görnüşinde: Suraý Gokaýewa (52 kg), Şyhberdi Amanow (62 kg), Eziz Ýollyýew (94 kg), Miraly Agaýew (69 kg), Bagtyýar Myradow (85 kg), Begli Saparow (69 kg), Jelil Hojamyradow (77 kg) gazandylar. Jelil Hojamyradow kombat görnüşinde hem bürünç medal gazanmagy başardy.
Ýaryşyň jemi netijelerine görä, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy topary komanda hasabynda altynjy orny eýeledi.