Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi

Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025 möwsümlerinde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

AFK-nyň ikinji derejeli bäsleşigi bolan “Çempionlar ligasy 2” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny “Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary üstünlikli geçdiler. “Arkadag”, “Aşgabat” “Nebitçi” toparlary bolsa AFK-nyň “Çagyryş Kubogy” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli tabşyrdylar.

“Klub ygtyýarlandyrmasy” halkara ýaryşyna gatnaşýan klublara gerek bolan ygtyýarlandyrma öz içinde günsaýyn täzelenýän futbol düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin hökmany bolup durýar. Häzirki wagtda bu görkezijiler klublaryň bäş ugur boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmak bilen bagly bolup durýar: sport, infrastruktura, iş-üpjünçiligi, ýuridiki, ykdysady.

Klublaryň ygtyýarlandyrma boýunça strategik ugurlary şulardan ybarat:

AFK-nyň resmi saýtynda çap edilen ygtyýarlandyrma laýyklykda, ýurdumyza wekilçilik edýän klublaryň ikisi AFK-nyň kubok bäsleşiklerinde çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Şonuň bilen bagly, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginde, Arkadag şäheriniň adybir “Arkadag” topary bolsa “Çagyryş Kubogy” bäsleşiginde çykyş etmek üçin gerek bolan talapnamalary ýolladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär
Muhadowyň goly Abdyş-Atany Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
AÇL ― 2: Altyn asyryň saýlama tapgyrdaky garşydaşy belli boldy