Türkmen toparlary AFK-nyň täze ýaryşlaryndan näçe pul gazanar?

Türkmen toparlary AFK-nyň täze ýaryşlaryndan näçe pul gazanar?

Şu ýyl Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň geçirjek ýaryşlaryna Türkmenistandan Arkadag we Altyn asyr futbol toparlary wekilçilik eder. Ýurduň çempiony Arkadag futbol topary özüniň ilkinji halkara tejriesine AFK-nyň üçünji derejeli ýaryşy bolan Çagyryş ligasyndan girişer.

Topar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga gazanan hukugy üçin AFK tarapyndan 100 amerikan dollary möçberindäki baýragyna mynasyp bolar.Altyn asyr bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejeli ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin saýlama duşuşyk geçirer.

AFK-nyň täze möwsüme üç ýaryş bilen girişýändigini ozal habar beripdik. Täze düzgünler ýaryşlaryň baýrak gaznasyna hem käbir özgertmeleri getirýär. Şeýle hem türkmen toparlarynyň gatnaşjak duşuşyklarynda VAR eminlik ulgamyndan peýdalanylar.

Eger Altyn asyr AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejeli ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşyp bilse, AFK-dan 300 müň amerikan dollary möçberinde gatnaşyş baýragyny alar. Türkmen toparlary bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, indiki tapgyrlara çykmagy başarsalar, olara gowşuryljak baýraklar hem artar.

AFK-nyň klublaýyn ýaryşlar üçin kesgitlän baýrak gaznalary:

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasy:

Toparçalaýyn tapgyr ― 800 müň dollar;

1/16 final ― 200 müň dollar;

Çärýek final ― 400 müň dollar;

Ýarym final ― 600 müň dollar;

Final ― 4 million dollar;

Çempionlyk ― 10 million dollar.

Çempionlar ligasy ― 2:

Toparçalaýyn tapgyr ― 300 müň dollar;

1/16 final ― 80 müň dollar;

Çärýek final ― 160 müň dollar;

Ýarym final ― 240 müň dollar;

Final ― 1 million dollar;

Çempionlyk ― 2,5 million dollar.

AFK-nyň Çagyryş ligasy:

Toparçalaýyn tapgyr ― 100 müň dollar;

Çärýek final ― 80 müň dollar;

Ýarym final ― 120 müň dollar;

Final ― 500 müň dollar;

Çempionlyk ― 1 million dollar.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär
Altyn asyr AFK-nyň Çempiuonlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
Altyn asyr AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal