Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Malaýziýanyň Negeri-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde geçýän Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia) atly halkara tennis ýaryşyna şowly başlady.
Ol ýekelikdäki duşuşyklaryňbirinji aýlawynda Koreýa Respublikasyndan bolan garşydaşyny — Seohýeon Kimi 1:6; 7:5; 6:3 hasabynda ýeňdi.
Ikinji aýlawda Maldiwlerden Naba Nishany 4:6; 7:5; 6:2 hasabynda ýeňen zehinli ýetginjek ýekelikdäki ýaryşyň çärýekfinalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Ilima jübütleýin ýaryşda eýranly Hana Shabanpour bilen bilelikde çykyş etdi. Bu jübüt ýaryşyň ikinji raundynda degişlilikde Malaýziýadan hem-de Maldiwlerden bolan Adani Raihan Muhammad Azhari bilen Naba Nishany 6:2; 6:3 hasabynda ýeňmegi başardy.
Ýaryşa Aziýadan zehinli ýaş tennisçileriň 64-si gatnaşyp, şolaryň 32-si oglanlar, ýene 32-si bolsa gyzlardyr.